HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Monakoda ralli boýunça dünýä çempionatynyň täze möwsümi başlady

Ýanwar 21, 2025 | 14:32 |7826
19-njy ýanwar agşamsyna Monakodaky Kazino meýdançasynda Ralli boýunça dünýä çempionatynyň 2025-nji ýyl möwsümi dabaraly ýagdaýda başlady. Ýolbaşçylar, hyzmatdaşlar, sürüjiler we şturmanlar 93-nji Ralli Monte-Karlo ýaryşynyň öň ýanynda tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek hem-de pikir alyşmak üçin ýygnanyşdylar.19-njy ýanwar agşamsyna Monakodaky Kazino meýdançasynda Ralli boýunça dünýä çempionatynyň 2025-nji ýyl möwsümi dabaraly ýagdaýda başlady. Ýolbaşçylar, hyzmatdaşlar, sürüjiler we şturmanlar 93-nji Ralli Monte-Karlo ýaryşynyň öň ýanynda tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek hem-de pikir alyşmak üçin ýygnanyşdylar.
Çeşme: lagazettedemonaco.com

19-njy ýanwar agşamsyna Monakodaky Kazino meýdançasynda Ralli boýunça dünýä çempionatynyň 2025-nji ýyl möwsümi dabaraly ýagdaýda başlady. Ýolbaşçylar, hyzmatdaşlar, sürüjiler we şturmanlar 93-nji Ralli Monte-Karlo ýaryşynyň öň ýanynda tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek hem-de pikir alyşmak üçin ýygnanyşdylar.

Karre d’Or etrabynda hereketlendirijileriň sesi, ýaryşlara taýyn bolan ekipažlar we sahna – 18:00-de Kazino meýdançasy hut Knýazlygyň özünde badalga alýan WRC täze möwsümi başlamak üçin janlandy. Şu ýyl üç topar – Hyundai, Toyota we Ford – ýaryşyň 14 tapgyryna gatnaşar, 10 sany resmi ekipaž bolsa çempionlyk derejesi üçin ýaryşmaga taýýar. WRC Ýerine ýetiriji direktory Ýona Zibel şeýle belledi: “Möwsümi şu ýeriň şeýle özboluşly gurşawynda başlamak biziň üçin uly hormatdyr. Ralli Monte-Karlo bu duýgylardan, mirasdan we hyjuwdan doly brend bolup durýar”.

Şeýle-de dabara ozal Ýakyn Gündogaryň ralli ýaryşyjysy, häzirki wagtda Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) prezidenti Mohammed Ben Sulaýem gatnaşdy. Bir sagadyň dowamynda tomaşaçylar üç öndürijiniň awtomibillerine, şeýle hem sürüjileriň we şturmanlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bildiler.

Möwsüm başlamazdan öň, ekipažlar žurnalistler bilen duşuşyp, girizlen täzeçilikler barada maslahatlaşdylar. Täze talaplar we Hankook täze üpjün edijiniň tekerleri, şeýle hem ýetip gelýän birinji tapgyr maslahatlaşmanyň esasy mowzuklary boldy.

“Ralli Monte-Karlo bu WRC taryhynyň iň meşhur hem-de iň abraýly ýaryşlarynyň biridir. Her bir sürüji durmuşynda bir gezek bolsa-da bu ýaryşlarda ýeňiji bolmak isleýär” – diýip, tapgyryň häzirki ýeňijisi Týerri Newill belledi. On ýylyň dowamynda Monakoda ýaşap ýören dünýä çempiony ýerli trassada üçünji gezek ýeňmegi maksat edinýändigini aýtdy. Emma ol bäsleşigiň çekeleşikli boljakdygyna düşünýär.

Esasy bäsdeşleriň arasynda – topar boýunça hyzmatdaşlary Ott Týanak hem-de Adriýen Furmo, şeýle hem Toyota bilen doly tertibe gaýdyp gelen Kalle Rowanpera, hem-de ilkinji dünýä adyny eýelemegi maksat edinýän Elfin Ewans dagylar bar.

Uelsyň sürüjisi Ewans hiç haçan Ralli Monte-Karloda ýeňiş gazanmady, onuň iň gowy netijesi 2021-nji ýylda 2-nji ýer.

“Bu waka ýylyň iň agyr wakalarynyň biridir. Bu hem hemişe üýtgäp durýan şertler bilen baglanyşykly. Bu ýerde hemişe garaşylmadyk ýagdaýlar bolup bilýär” – diýip, Ewans belledi.

Týerri Newill “hemme zat noldan başlaýandygyny”, emma onuň maksatlary öňküliginde galýandygyny belledi.

“Biz täze möwsüme öňki islegler we öňki höwes bilen başlaýarys” – diýip, belgiýaly sürüji belledi. Öňki möwsümiň derejesini alamatlandyrýan ulagyndaky №1 belgisi bilen, Newill örän rahat we ynamly görünýär. “Çempionlyk ugurndaky ýaryşda bize az agram salynýar, emma şonda-da ýokary derejede çykyş etmek we topar üçin utuk gazanmak zerur bolup durýar” – diýip, ol goşmaça aýtdy. Geçen möwsüm Toyota öz Watanynda Ýaponiýada geçirilen jemleýji tapgyrda öndürijiler hasabynda Hyundai-den öňe geçendigini ýatlatmaly. 2025-nji ýylda Günorta Koreýanyň topary ar alyp bilermi? Wagt görkezer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026