HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň Yslamabat şäherindäki Türkmenistanyñ ilçihanasynda Beýik Britaniýanyň Ýokary komissary bilen duşuşyk

Ýanwar 20, 2025 | 16:08 |7141
2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Pakistandaky Ýokary komissary hanym Jeýn Marriot Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Pakistandaky Ýokary komissary hanym Jeýn Marriot Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär
Çeşme: pakistan.tmembassy.gov.tm

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Pakistandaky Ýokary komissary hanym Jeýn Marriot Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitdäki ýagdaýyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar, Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak we parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça umumy gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň ilçisi A. Möwlamow Bitarap Türkmenistanyň syýasaty, onuň sebitde we sebitden daşarda ykdysady ösüşi höweslendirmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilendigini gürrüň berdi. Şeýle hem, ol Owganystan bilen baglanyşykly infrastruktura we energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, owgan halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi babatyndaky hökümetiň tagallalaryny nygtady.

Beýik Britaniýanyň ilçisi J. Marriot Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny ýokary bahalandyryp çykyş etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026