Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

“Ýüpek ýoly” Halkara ralli ýaryşynyň geçiriljek senesi belli boldy

Ýanwar 16, 2025 | 11:40 |6721
“Ýüpek ýoly” Halkara ralli ýaryşy 12-nji iýulda Irkutsk şäherinde badalga alyp, Irkutsk oblastynyň, Burýatiýa Respublikasynyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçip, Gorno-Altaýskda tamamlanar“Ýüpek ýoly” Halkara ralli ýaryşy 12-nji iýulda Irkutsk şäherinde badalga alyp, Irkutsk oblastynyň, Burýatiýa Respublikasynyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçip, Gorno-Altaýskda tamamlanar
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

“Ýüpek ýoly” Halkara ralli ýaryşy 12-nji iýulda Irkutsk şäherinde badalga alyp, Irkutsk oblastynyň, Burýatiýa Respublikasynyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçip, Gorno-Altaýskda tamamlanar diýip, “РИА Новости” habar berýär.

“2025-nji ýylyň iýulynda Irkutsk oblastynda “Ýüepk ýoly” Halkara rallisiniň tapgyrlarynyň biri geçiriler. Ýaryş 12-nji iýulda Irkutskda dabaraly ýagdaýda başlar. Her ýyl guramaçylar ýaryşyň ugryny täzeleýärler. Şu ýyl ol iki ýurduň çäginde geçiriler – Russiýanyň we Mongoliýanyň” – diýip, habarda bellenilýär.

Şu gezek ýaryşa dünýäniň 13-den gowrak ýurdundan sport ekipažlary gatnaşar. Ralli taýýarlyk işlerine we ýaryşyň özüne 1000-den gowrak adam, şeýle hem 350-den gowrak ulag serişdeleri çekiler. Ýeňijiler bäş ugur boýunça saýlanar: ýük maşynlar, awtomobiller, motogeçijiler, motosikl we kwadrosikller.

Ýaryşyň taryhynda rus tapgyry ilkinji gezek iki bölekden ybarat bolar: birinjisi Irkutsk oblastynda geçirilip, soňra gatnaşyjylar Burýatiýa Respublikasyndan hem-de Mongoliýadan geçip, Russiýa dolanyp gelerler. Olar 22-nji iýulda Gorno-Altaýskda ýaryşy tamamlarlar.

“Ýüpek ýoly” ralli-marafony bütin dünýäde ykrar edilen ýokary çylşyrymlykly sport çäresidir. Ralli ilkinji gezek 2009-njy ýylda Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinde geçirildi.

“Ýüpek ýoly-2024” Halkara ralli ýaryşynda Türkmenistanyň adyndan üç ekipažyň gatnaşandygyny ýatladýarys.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026