Iň täze habarlar

Türkmen türgenleri “Ýüpek ýoly-2024” halkara rallisine gatnaşýar

09.07.2024 | 13:07 |
 Türkmen türgenleri “Ýüpek ýoly-2024” halkara rallisine gatnaşýar

Tomsk şäheriniň Lenin adyndaky meýdançasynda “Ýüpek ýoly-2024” halkara rallisi badalga aldy. Türkmenistandan ýaryşa 3 ekipaž gatnaşýar. Şeýle hem bäsleşige Russiýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň türgenleri gatnaşýar.

Olar 10 günde 5 müň kilometr ýoly geçip, Mongoliýanyň paýtagtyndaky pellehana bararlar.

Şu ýyl “Ýüpek ýoly” taslamasyna 15 ýyl dolýar. Ýaryşyň şu gezekki ugry Russiýa Federasiýasynyň Tomsk, Nowosibirsk, Kemerowo oblastlaryny, Altaý ülkesini, Altaý Respublikasyny, Mongoliýa, Günbatar we Merkezi sebitleri, Gobi çöli bilen baglanyşdyrar.

“Ýüpek ýoly-2024” halkara rallisiniň 5243 kilometriniň 2992 kilometri ýokary tizlikli böleklerdir.

ORIENT news

Foto: silkwayrally.com

Şeýle hem okaň: