HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryny goldaýar

Ýanwar 11, 2025 | 05:05 |8124
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow anna güni Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklamak barada Karara gol çekdiDöwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow anna güni Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklamak barada Karara gol çekdi
Çeşme: orient.tm

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow anna güni Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklamak barada Karara gol çekdi.

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara topary Migrasiýa boýunça halkara guramasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirligi bilen bilelikde taýýarlanan resminamada abraýly halkara guramalary we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutulan.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça berk kanunçylyk binýady döredildi. Öz wagtynda bu ugurda hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän “Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda” kanun kabul edildi.

Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, üpjün etmek we goramak ulgamyny güýçlendirmek maksady bilen taýýarlanan Hereketleriň milli meýilnamasy öňüni alyş häsiýetine eýedir we giňişleýin görkezme düzgünlerini öz içine alýar. Resminama maksatlaýyn çäreleri, olary durmuşa geçirmegň möhletlerini we degişli görkezijileri anyk kesgitleýär.

Ozal ýurtda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2016 – 2018 we 2020 – 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary yzygiderli durmuşa geçirildi. Geljekki bäş ýyly öz içine alýan häzirki döwürde Türkmenistan adam söwdasy ýaly adamzadat üçin ýiti howpuň öňüni almak we adam hukuklaryny goramak hem-de öňe sürmek boýunça halkara tagallalaryna goşant goşmak bilen dünýä jemgyýetçiligi bilen utgaşdyrylan gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Bu meýilnamanyň durmuşa geçirilmegine jogapkär guramalara, onuň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek tabşyrylýar diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynda beýan edildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

20:41 Iýul 15, 2026
Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

13:00 Iýul 15, 2026
«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

18:36 Iýul 14, 2026