Katar Döwletiniň meşhur «Al-Sharq» gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň makalasy çap edildi


29-njy oktýabrda Katar Döwletiniň baýry neşirleriniň biri bolan «Al-Sharq» gazetinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine bagyşlanan, “Türkmenistan - Katar gatnaşyklary: syýasy dialogdan ykdysady hyzmatdaşlyga tarap” ady bilen Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedowyň makalasy arap dilinde çap edildi.
Makalada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ugurlary we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi beýan edilýär. Şeýle hem özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtalýar.

Mundan başgada 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda bolup geçen möhüm wakalara, hususan-da, 20-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň dördünji tapgyryna, şeýle hem 25-27-nji oktýabry aralygynda Doha şäherinde geçirilen dokuzynjy Bütindünýä maýa goýum forumyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň gatnaşmagyna aýratyn üns berilýär.
Neşirde energetika, ulag we logistika, sanly tehnologiýalar, oba hojalygy, senagat we syýahatçylyk ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilýär, bilim, ylym, medeniýet we sport ýaly ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtalýar. Şeýle hem gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine we iki ýurduň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen bilelikdäki hökümetara mehanizmleriniň işine aýratyn ähmiýet berilýär.
Abraýly Katar neşirinde bu makalanyň çap edilmegi bolup geçen çäreleriň türkmen-katar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň çägindäki ähmiýetini görkezýär. Geçirilen syýasy geňeşmeler we halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän köp sanly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenilýär.






