HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ulag mowzugy – 2025-nji ýylda ÝB we Merkezi Aziýanyň özara gatnaşyklarynda ilkinji nobatda

Ýanwar 10, 2025 | 23:55 |8395
Ulag pudagy – Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridir. Muňa şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň kabinetiniň başlygy Lýusi Şestakowanyň arasynda geçirilen duşuşyk şaýatlyk edýär. Söhbetdeşligiň esasy mowzugy, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek şeýle hem ulag pudagyna ünsi jemlemek bilen Merkezi Aziýa bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklar boldyUlag pudagy – Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridir. Muňa şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň kabinetiniň başlygy Lýusi Şestakowanyň arasynda geçirilen duşuşyk şaýatlyk edýär. Söhbetdeşligiň esasy mowzugy, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek şeýle hem ulag pudagyna ünsi jemlemek bilen Merkezi Aziýa bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklar boldy
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjin edildi

Ulag pudagy – Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridir. Muňa şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň kabinetiniň başlygy Lýusi Şestakowanyň arasynda geçirilen duşuşyk şaýatlyk edýär. Söhbetdeşligiň esasy mowzugy, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek şeýle hem ulag pudagyna ünsi jemlemek bilen Merkezi Aziýa bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklar boldy.

Taraplar Merkezi Aziýanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda köpri hökmünde strategiki ähmiýetini nygtadylar. Söwda gatnaşyklaryny giňeltjek we sebitde ykdysady ösüşine ýardam etjek ulag geçelgelerini berkitmäge aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowamynda Halkara hyzmatdaşlygy boýunça täze Ýewropa komissary Iosef Sikeliň dialogy ösdürmek üçin indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana saparynyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň esasy mowzugy ulag meselesi bolar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag meseleleri boýunça utgaşdyryjy platformasyny işe girizildi. Bu platforma sebitleriň arasynda ulag taslamalaryny utgaşdyrmak üçin ilkinji we ýeke-täk mehanizm bolup, olaryň integrasiýasyny we durnukly infrastrukturany ösdürmäge ýardam berýär.

Ulag pudagy, ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugry bolmagyny dowam etdirýär we 2025-nji ýylda sebit aragatnaşygyny we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin esas döredýär diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynda nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026