HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID-ň YDA taslamasy NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär

Dekabr 24, 2024 | 20:35 |19827
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) ýaşlary Türkmenistanda NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýarUSAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) ýaşlary Türkmenistanda NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar
Çeşme: USAID YDA

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) ýaşlary Türkmenistanda NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maksatnama USAID-iň YDA taslamasy tarapyndan "Kämiran" türkmen kompaniýasy we “Industrial and Operational Support Services” (IOSS) halkara okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

USAID-iň YDA taslamasynyň bu maksatnamasynyň maksady NEBOSH boýunça okuw we halkara hünär sertifikatlaşdyrylyş ulgamyny hem-de tejribesini Türkmenistanda ornaşdyrmakdan ybarat. Bu maksatnama ýaşlara Türkmenistanyň zähmet bazarynda isleg bildirilýän hünärler boýunça bilim almak we halkara hünär sertifikatyny almak mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

NEBOSH sertifikaty (National Examination Board in Occupational Safety and Health) halkara derejesinde ykrar edilýär we hünär derejelerini ýokarlandyrmak we zähmet karýerasyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. NEBOSH sertifikaty zähmeti goramak we howpsuzlygyň tehnikasy ulgamynda bilimiň we başarnyklaryň ýokary derejededigini güwä geçýär.

Maksatnamanyň çäginde zähmeti goramak we howpsuzlygyň tehnikasy boýunça 10 günlük treningiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Synagdan üstünlikli geçen gatnaşyjylar halkara NEBOSH IGC sertifikatyny alarlar.

Trening 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda “offline” görnüşinde Aşgabatda geçiriler.

Trening halkara akkreditirlenen bilermenler tarapyndan rus dilinde alnyp barylar.

Bu maksatnama orta hünär ýa-da ýokary bilimli we zähmeti goramak we howpsuzlygyň tehnikasy ulgamynda tejribesi bolan 28 ýaşa çenli Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler.

Maksatnama gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanyp kesgitlener.

Maksatnama gatnaşmak tölegsiz.

Bu maksatnama gatnaşmak üçin 2025-nji ýanwar aýynyň 14-ne sagat 14:00 çenli şu aşakda görkezilen link boýunça anketany dolduryp ýüz tutup bilersiňiz: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSekKsW9efRxoTqRBWmb5RfmJkkU1ZUA24tuj0SH6znp6_lcdg/viewform

Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz:hatabayev@q2impact.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026