HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda reňkini üýtgedýän smartfon döredildi

Dekabr 21, 2024 | 11:55 |7809
Realme hytaý korporasiýasy smartfon-hameleon, ýagny reňkini üýtgedýän smartfon döretdi.Realme hytaý korporasiýasy smartfon-hameleon, ýagny reňkini üýtgedýän smartfon döretdi.
Çeşme: rbc.ru

Realme hytaý korporasiýasy smartfon-hameleon, ýagny reňkini üýtgedýän smartfon döretdi.

Realme 14 Pro we 14 Pro+ enjamlary barada Kopengagende (Daniýa) geçirilen tanyşdyrylyşda habar berildi.

Android Authority neşiriň habar bermegine laýyklykda, smartfonlar Valeur Designers kompaniýasy bilen bilelikde döredildi.

Enjamyň yzky tarapy hameleon görnüşinde, ýagny gyzgynlyga görä reňkini üýtgedip bilýär. Daşky gyzgynlyk 16 gradusa ýetende, Realme 14 Pro yzky paneli ak merjen reňkinden açyk gök reňke üýtgäp bilýär. Gyzgynlyk 16 gradusdan geçen ýagdaýynda bolsa, panel ýene-de aň reňkine gaýdyp gelýär.

Bu ýyladyş hrom pigmentleriň ulanylmagy bilen mümkin boldy. Wagtyň geçmegi bilen reňk çalyşmak ukyplygy materiallaryň aýratynlygyna görä peselip ugrar.

Realme 14 Pro+ flagman modeli 1,5 K ölçegli we 120 Gs ýygylygy bolan AMOLED -displeýine eýe bolar. Şeýle hem, onuň örän inçe 1,6 mm çarçuwasy bolar. Paneliň galyňlygy 8 mm bolup, suwdan we tozandan goraglylyk derejesi IP69 standartlaryna laýyk gelýär.

Işläp taýýarlaýjylaryň düşündirmegine görä, häzirki wagtda senagatda munuň ýaly çözgütler ýokdur. Hameleon-smartfonlar dürli brendleriň görnüşleriniň arasynda bar, emma olar gyzgynlygyň täsir edişine görä däl-de, ýagtylyş derejesine hem-de gün şöhlelesiniň düşýän burçyna görä reňkini üýtgedýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026