HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rogun suw elektrik stansiýasy: dünýäniň iň beýik bendiniň iň gowy alternatiw görnüşi näme bolup biler?

Dekabr 19, 2024 | 19:20 |8781
Şu gün “Serhetsiz derýalar” Halkara ekologiýa birleşigi Täjigistandaky Rogun suw elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanmagynyň alternatiw beýanlarynyň seljermelerinden ybarat bolan nutugy bilen tanyşdyrdylar. Iňlis we rus dillerindäki nutuk Bütindünýä bankynyň Direktorlar geňeşiniň agzalaryna ugradyldy.Şu gün “Serhetsiz derýalar” Halkara ekologiýa birleşigi Täjigistandaky Rogun suw elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanmagynyň alternatiw beýanlarynyň seljermelerinden ybarat bolan nutugy bilen tanyşdyrdylar. Iňlis we rus dillerindäki nutuk Bütindünýä bankynyň Direktorlar geňeşiniň agzalaryna ugradyldy.
Çeşme: rivers.help

Şu gün “Serhetsiz derýalar” Halkara ekologiýa birleşigi Täjigistandaky Rogun suw elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanmagynyň alternatiw beýanlarynyň seljermelerinden ybarat bolan nutugy bilen tanyşdyrdylar. Iňlis we rus dillerindäki nutuk Bütindünýä bankynyň Direktorlar geňeşiniň agzalaryna ugradyldy.

Barlagyň awtorlary taslamanyň gutarnykly durmuşa geçirilmegi boýunça esaslandyrylan karary almak üçin, tebigata we jemgyýete ýetirýän täsirini hasaba almak bilen, Täjigistanyň energetikasynyň ösdürilmeginiň alternatiw ugurlarynyň jikme-jik deňeşdirmesini geçirmek zerurdygyny hasaplaýarlar. Olaryň pikirine görä, diňe şunuň ýaly çemeleşme howplary azaldyp biljek we beýikligi 335 m barabar bolan bendi gurmak üçin maýa goýumlaryndan gelýän ykdysady peýdasyny 6,4 mlrd dollar möçberinde artdyryp biljek gurluşygynyň tamamlanmagynyň iň netijeli ugruny saýlap almaga ýardam eder.

Bu ägirt uly suw elektrik stansiýasy ýiti meseleleri çözmek üçin gurulýar. Emma ekologlaryň öz nutugynda nygtaýşy ýaly, dünýäde iň beýik bendi gurmak ýaly iň soňky görnüş boýunça Rogun SES-iň doly gurulmagy baradaky kararyň alynan ýagdaýynda hem bu (şü günki gün Bütindünýä bankynyň Direktorlar geňeşi tarapyndan hut şu çözgüt barada maslahatlaşylýar) meseleler çözülman galar. Hususan-da, Täjigistandaky elektrik energiýanyň ýelpewaç görnüşinde kesilmegi, iň bärkisi, 2036-njy ýyla çenli dowam eder.

Iň uly ölçegli suw howdanynyň döredilmegi akym boýunça aşaky sebitlerde Rogun SES-iň ýaramaz täsirlerini uly mukdarda ýokarlandyrar: ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň “Gaplaň käli goraghanasynyň tokaýlary” atly ýadygärligi; Wahşdaky ýitmek howpy abanýan bekre-pilburunlaryň soňky populýasiýasy; şeýle hem derýalar boýunça hasylly düzlükler, Täjigistanda, Özbegistanda, Türkmenistanda we Owganystanda takmynan 7 mln ilat sany bolup, olaryň maddy-hal ýagdaýy dolylygyna suwarymly ekerançylyga bagly bolup durýar.

Bu nutuk şeýle ýagdaýyň entegem öňüni alyp bolýandygyny açyp görkezýär. Şol bir maliýeleşdirmek derejesi bilen, emma pesräk bentli we gün elektrik stansiýalaryň ösdürilmegi bilen, ýaramaz täsirleri ep-esli derejede azaldyp bolar. Bendiň beýikliginiň 70 m ölçegde peseldilmegi on müňlerçe adamlaryň göçmeginiň öňüni almaga we ekoulgamlara howplary azaltmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, birleşik has pesräk Rogun SES-iň gün elektrik stansiýasy bilen utgaşdyrylmagy 2030-2031-nji ýyllara Täjigistanda elektrik energiýanyň gyşky ýetmezçiliginiň dolulygyna öňüni alyp, şeýle hem energiýa ulgamynyň howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygyny ýokarlandyryp biljekdigini hem nygtaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026
Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

18:00 Iýul 23, 2026