HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

SpaceX smartfonlar üçin Starlink esasynda ilkinji umumymilli hemra aragatnaşygyny işe girizdi

Dekabr 19, 2024 | 11:35 |8378
Amerikan işewüri Ilon Maska degişli SpaceX kompaniýasy Täze Zelandiýada smartfonlar üçin Starlink esasynda ilkinji umumymilli hemra aragatnaşygyny işe girizdi.Amerikan işewüri Ilon Maska degişli SpaceX kompaniýasy Täze Zelandiýada smartfonlar üçin Starlink esasynda ilkinji umumymilli hemra aragatnaşygyny işe girizdi.
Çeşme: stuff.co.nz

Amerikan işewüri Ilon Maska degişli SpaceX kompaniýasy Täze Zelandiýada smartfonlar üçin Starlink esasynda ilkinji umumymilli hemra aragatnaşygyny işe girizdi.

One NZ smartfonlar üçin Starlink esasynda ilkinji umumymilli aragatnaşygyny hödürlän dünýäde ilkinji telekommunikasiýa kompaniýasy boldy. Bu bolsa ulanyjylary Täze Zelandiýanyñ öýjükli bekedi bolmadyk 40 % çäginde tekst habarlaryny ugratmaga we almaga mümkinçilik berdi.

Älem tarapyndan üpjün edilýän zolagy takmynan 20 km deñize tarap Täze Zelandiýanyñ çäk serhedine çenli ýaýrap gidýär.

Satellite TXT hyzmaty her aý tölegi bilen hereket edýän töleg meýilnamalary üçin mugt ýagdaýda elýeterlidir. Emma häzirki wagtda oña telefonyñ 4 görnüşi laýyk gelýär: Samsung Galaxy Z Flip6, Samsung Galaxy Z Fold6, Samsung Galaxy S24 Ultra we Oppo Find X8 Pro.

Häzirki wagtda tekst habarlaryny üç minudyñ dowamynda ugradyp ýa alyp bolýar, emma bu wagt on minuda çenli uzap biler. Sebäbi SpaceX habarlary gönüden-göni smartfonlara ýollaýan hemra toparlaryny gysmak işini alyp barýar. Starlink hemralaryñ sany artanyndan soñ, älem arkaly tekst habarlarynyñ ugradylmagy ortaça bir munit wagt alar.

Müşderiler bilen işleşmek boýunça direktory hem-de One NZ kompaniýasynyñ täjirçilik direktory Jo Goddardyñ bellemegine görä, 2025-nji ýylyñ ahyryna ýüz müñlerçe müşderiler One NZ Satellite TXT hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

One NZ we T-Mobile-dan başga-da, Starlink KDDI (Ýaponiýa), Optus (Awstraliýa), Salt (Şweýsariýa), Entel (Çili we Peru) и Rogers (Kanada) telekommunikasion kompaniýalar bilen ylalaşyklary bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

21:45 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026