HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HHR-iň DIM-niň başlygy ŞHG-niň häzirki we geljekki baş sekretarlary bilen duşuşdy

Dekabr 18, 2024 | 15:10 |7102
Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki Baş sekretary Çžan Min we indiki ýyldan bu halkara guramasyna ýolbaşçylyk etjek Nurlan Ýermekbaýew bilen Pekinde duşuşdy.Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki Baş sekretary Çžan Min we indiki ýyldan bu halkara guramasyna ýolbaşçylyk etjek Nurlan Ýermekbaýew bilen Pekinde duşuşdy.
Çeşme: russian.news.cn

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki Baş sekretary Çžan Min we indiki ýyldan bu halkara guramasyna ýolbaşçylyk etjek Nurlan Ýermekbaýew bilen Pekinde duşuşdy.

Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

Wan I ŞHG-niň ösüşinde Çžan Miniň görnükli gazananlaryna ýokary baha berdi. Ol Çžan Miniň ýolbaşçylygynda ŞHG-niň hyzmatdaşlarynyň sany ep-esli derejede artandygyny aýratyn belläp geçdi. Guramanyň düzümine ýene 10 ýurt goşuldy.

Wan I Nurlan Ýermekbaýewi indiki ýyldan bu wezipä girişjegi bilen gutlap, Pekiniň Baş sekretaryň wezipesini ýerine ýetirmekde we Sekretariatyň işinde zerur bolan goldawy bermäge taýýardygynda ynandyrdy.

Çžan Min, öz gezeginde, soňky üç ýylyň dowamynda gatnaşyjy-döwletleriň we Hytaýyň goldawyndan peýdalanyp, şeýle hem “şanhaý ruhuna” eýerip, Sekretariatyň uly üstünliklere ýetendigini belledi. Gurama dürli ugurlarda tejribe hyzmatdaşlygyny öňe sürüp, halkara arenadaky täsirini pugtalandyrmak bilen, gatnaşyjy-ýurtlaryň halklarynyň arasynda kanagatlylyk duýgysyny güýçlendirdi. Sekretariat täze görnüşli halkara gatnaşyklaryny we adamzadyň bitewi ykbal bileleşigini gurmagyň işjeň tarapdary boldy diýip, ŞHG-niň Baş sekretary belledi.

Nurlan Ýermekbaýew, öz gezeginde, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ösüşinde Hytaýyň öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi. Häzirki wagtda HHR ŞHG-niň Başlygy bolup dur.

Şunuň bilen baglylykda, Ýermekbaýew Baş sekretar wezipesine girişeninden soň, Hytaýyň başlyklyk etmek işini ähli tagallalary bilen goldap, indiki ýylda ŞHG-niň sammitine taýýarlyk işlerinde hytaý tarapy bilen hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026