HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TULM Özbegistandan Braziliýa ilkinji konteýnerli otly geçişini gurnady

Dekabr 18, 2024 | 16:11 |8439
Ugradyş Daşkentiň
“First Dry Port Terminal” terminalynda karbamidiň ýüklenen ýerinde boldy.Ugradyş Daşkentiň
“First Dry Port Terminal” terminalynda karbamidiň ýüklenen ýerinde boldy.
Çeşme: TULM

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) AGPJ Özbegistandan Braziliýa ugran ilkinji konteýnerli otlyny guramak bilen halkara ulag logistikasyny ösdürmekde möhüm ädim ätdi. Ugradyş 11-nji dekabr, çarşenbe güni Daşkentiň “First Dry Port Terminal” terminalynda karbamidiň ýüklenen ýerinde boldy.

Otlyda 40-futlyk 54 sany konteýner bolup, olaryň hersinde 28 tonna dökün bar. Bu taslama, Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynyň esasy üstaşyr merkezi hökmünde barha artýan ornuna ünsi çekýär we Merkezi Aziýa bilen Günorta Amerikanyň arasynda söwda üçin täze mümkinçilikler açýar.

Рисунок1.jpg

Otlynyň ugry Türkmenbaşy deňiz portundan geçýär, şondan soň Azerbaýjanyň we Gruziýanyň çäklerinden fider ugry arkaly ýoluny dowam etdirer. Poti (Gruziýa) portunda konteýnerler Braziliýanyň Paranagua portuna eltjek gämä ýüklener.

Hasaplamalara görä, ýükleri eltmegiň wagty 60-dan 70 gün aralygynda bolar. Poti portuna barýan demir ýol takmynan 20 gün wagty alar, ugruň deňiz bölegi ýene 35-45 gün dowam eder.

Bu taslama, söwda mukdaryny ýokarlandyrmaga we logistika infrastrukturasyny gowulandyrmaga kömek edip biljek sebitde konteýnerli ýükleri daşamagy ösdürmek mümkinçiligini görkezýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

21:45 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026