HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti “Iran Agrofood” atly sergisine gatnaşyjylary gutlady

Dekabr 16, 2024 | 12:05 |5669
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Agrofood” atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny ugratdy diýip, TDH habar berýärTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Agrofood” atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny ugratdy diýip, TDH habar berýär
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Agrofood” atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny ugratdy diýip, TDH habar berýär.

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Agrofood” atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň we türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli çäreleriň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik gatnaşyklary, söwda hyzmatdaşlygy babatda döredilýän amatly şertler türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmek üçin hem uly mümkinçilikleri açýar.

Nebitgaz, energetika, senagat, oba we suw hojalygy, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli hem-de özara bähbitli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Asylly däbe öwrülen ýöriteleşdirilen sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekde, döwlet we hususy kärhanalaryň özara gatnaşyklaryny täze taslamalar bilen baýlaşdyrmakda, ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Agrofood” atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň hem-de türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, türkmen we eýran halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkemeginiň bähbidine iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine gönükdirilen asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026