HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi

Dekabr 16, 2024 | 10:45 |8399
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.
Çeşme: education.gov.tm

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.

Festiwal bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar babatda ýurduñ gazananlaryny açyp görkezmäge, mugallymlaryñ we hünärmenleriñ maglumat tehnologiýa we kiber howpsuzlyk ulgamynda ylmy we taslama işine gyzyklanmalaryny artdyrmaga, şeýle hem tejribe alyşmaga gönükdirildi.

Festiwalyñ çäklerinde Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Elektron okuw toplumlarynyñ bäsleşiginiñ ýeñijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýlelikde, Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ kliniki ordinatory Gojuk Gurbanow hem-de Daşoguzyñ Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ mugallymy Didar Muhammedow 1-nji orunlara mynasyp boldylar.

2-nji orna Türkmen döwlet energetika institutynyñ uly mugallymy Döwletgeldi Ýusubow hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyñ uly mugallymy Suraý Maşaýewa mynasyp boldylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ mugallymy Nurýagdy Gylyjow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyñ mugallymy Diýar Yhtyýarow hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyñ uly mugallymy Ejegül Öwezgeldiýewa 3-nji ornuñ eýeleri boldy.

Festiwalyñ çäklerinde ýurtda sanly bilimi ösdürmäge öz goşandyny goşan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniñ mugallymlary, hünärmenleri we talyplary hormat hatlary bilen sylaglandy.

Şeýle hem, Türkmenistanyñ bilim ulgamynyñ hünärmenleriniñ, mugallymlarynyñ we talyplarynyñ gatnaşmagynda "Bilim ulgamynda innowasiýalar" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026