HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan saglyk bilen baglanyşykly Keselleriñ Halkara statistiki klassifikasiýasynyñ 11-nji täzeden gözden geçirişini ulanar

Dekabr 14, 2024 | 09:55 |6316
Türkmenistanyñ wekiliýeti saglyk bilen baglanyşykly Keselleriñ Halkara statistiki klassifikasiýasynyñ 11-nji täzeden gözden geçirişini (МКБ-11) ulanmak boýunça okuwlara gatnaşdy.Türkmenistanyñ wekiliýeti saglyk bilen baglanyşykly Keselleriñ Halkara statistiki klassifikasiýasynyñ 11-nji täzeden gözden geçirişini (МКБ-11) ulanmak boýunça okuwlara gatnaşdy.
Çeşme: instagram.com/who_turkmenistan

Türkmenistanyñ wekiliýeti saglyk bilen baglanyşykly Keselleriñ Halkara statistiki klassifikasiýasynyñ 11-nji täzeden gözden geçirişini (МКБ-11) ulanmak boýunça okuwlara gatnaşdy.

Çäre Ýewropa Bileleşiginiñ kömegi bilen Almatyda geçirildi. Onuñ maksady - ýurtlary Keselleriñ Halkara statistiki klassifikasiýasynyñ 10-njy täzeden gözden geçirişinden (МКБ-10) 11-njä (МКБ-11) geçiş işinde goldaw bermekden ybarat. Bu bolsa, öz gezeginde, saglygy goraýyş ulgamlaryny lukmancylygyñ soñky gazananlaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berýär.

Bu okuw Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goramak boýunça maglumat tory arkaly (CARINFONET) tutuş sebit boýunça maglumat hilini pugtalandyrmakda öñdebaryjy tejribesini alyşmaga ýardam edýär. Bu tor saglygy goraýyş meseleleri boýunça beýleki sebit golaý maglumat torlary üçin ýokary standartlary kesgitleýär. Onuñ işi derwaýys, hakyky we anyk statistikasyny almak maksady bilen ýurtlaryñ içinde hem-de Merkezi Aziýa sebitiniñ ýurtlarynyñ arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Saglyk bilen baglanyşykly Keselleriñ Halkara statistiki klassifikasiýasy (МКБ) adamzadyñ dogluşyndan tä dünýäden ötýänçä barlygynyñ şertlerini şöhlelendirýär: onda biziñ ýaşaýşymyzyñ dowamynda duçar bolýan her bir şikesiñ we keseliñ hem-de ölümimize getirip bilýän her bir sebäpleriñ kod belgileri görkezilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026