HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

Dekabr 14, 2024 | 02:30 |7150
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji dekabrda bellenilýän ýurduň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine hünär baýramçylygy mynasybetli gutlag hatyny iberdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji dekabrda bellenilýän ýurduň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine hünär baýramçylygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji dekabrda bellenilýän ýurduň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine hünär baýramçylygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda pudagyň hünärmenleriniň ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge goşýan goşandyny belledi. Olaryň zähmetiniň netijesinde täze nebitgazly ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly ajaýyp üstünlikleriň gazanylandygyny nygtady. Şeýle hem, Prezident “Arkadagyň ak ýoly” diýip simwoligi adyna eýe bolan TOPH-iň möhüm bölegi bolan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.

Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagynyň eksport mümkinçiliginiň ösdürilmeginiň we köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek döwlet energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Energetika howpsuzlygyny berkitmäge, sebitdäki ýurtlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga we ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmäge aýratyn üns berilýär.

Nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmek, bu işleri ýokary ekologik kadalara laýyklykda amala aşyrmak, şeýle-de onuň howanyň üýtgemegine täsirini peseltmek öňde durýan möhüm wezipelerdir diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezident, Türkmenistanyň öz maksatlaryna ýetmek üçin uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirip, energetika pudagyny işjeň ösdürmegini dowam etjekdirjekdigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda ähli pudagyň işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygy hem-de möhüm we jogapkärçilikli işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026