HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Dekabr 12, 2024 | 04:55 |8189
11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi
Çeşme: кадры телеканала «Алтын асыр»

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýedir. Biziň ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylandygyny belläp, ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hanym Teri Hakala minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, işinde mundan beýläkde üstünlikleri arzuw etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026