HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi

Dekabr 11, 2024 | 20:25 |7800
11-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi11-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi.

Mejlise Topara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Bitaraplygyň dostlary toparynyň netijelidigini bellediler. Toparyň yzygiderli giňelmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Duşuşykda häzirki ählumumy çagyryşlary aradan aýyrmakda oňyn bitaraplygyň ýörelgelerinden peýdalanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu nukdaýnazardan, taraplar BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ählumumy ösüşiň möhüm meýillerini nazara almak bilen, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagy meselesine garadylar.

Mundan başga-da, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak üçin amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň anyk usullary barada pikir alyşmalar boldy.

Mejlise gatnaşyjylar bitaraplyk ýörelgelerini milli we halkara strategiýalara ornaşdyrmak arkaly Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026