HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID Türkmenistanyň startap ekosistemasyny ösdürmek üçin Aşgabatda hakaton ýaryşyny geçirdi

Dekabr 11, 2024 | 14:48 |8170
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID), Netijelilik (MCT agentligi) kompaniýasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Aşgabatda hakaton geçirdi.  Bu çäre, Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 67 sany zehinli web döredijileri, dizaýnerleri we IT hünärmenlerini bir ýere jemläp, ýaş hünärmenlere maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary (IT) ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we döredijilik mümkinçiliklerini görkezmek üçin meýdança berdi.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID), Netijelilik (MCT agentligi) kompaniýasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Aşgabatda hakaton geçirdi.  Bu çäre, Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 67 sany zehinli web döredijileri, dizaýnerleri we IT hünärmenlerini bir ýere jemläp, ýaş hünärmenlere maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary (IT) ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we döredijilik mümkinçiliklerini görkezmek üçin meýdança berdi.
Çeşme: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) tarapyndan berildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID), Netijelilik (MCT agentligi) kompaniýasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Aşgabatda hakaton geçirdi. Bu çäre, Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 67 sany zehinli web döredijileri, dizaýnerleri we IT hünärmenlerini bir ýere jemläp, ýaş hünärmenlere maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary (IT) ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we döredijilik mümkinçiliklerini görkezmek üçin meýdança berdi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar toparlara bölünip, durmuşda duş gelýän biznes işlerini awtomatlaşdyrmak üçin amaly çözgütleri işläp düzmek tabşyryldy.

Toparlar işläp taýarlan taslamalaryny IT hünärmenlerinden, maýadarlaryndan we işewür ýolbaşçylaryndan ybarat bolan emin agzalaryna hödürlediler. Emin agzalary taslamalaryň döredijilik, tehniki başarnyk we prezentasiýanyň hili boýunça bahalandyryp, “Mekanly Group” toparynyň “Miwe Monitoring” taslamasy üçin birinji orny; ikinji orny “DarkNet” toparynyň “Hasyl” taslamasy üçin; we üçünji orny “Not Found” toparynyň “AgriGo” taslamasy üçin berildi. Ekspertler topary ähli gatnaşyjylaryň taslamalary boýunça özleriniň belliklerini berdi we gatnaşyjylary telekeçiligi dowam etdirmäge çagyrdy.

USAID-iň Türkmenistandaky wekili Jeffri Skarin bu çärede çykyş edip, gatnaşyjylary döredijilik we meseläni çözmek ugrunda başarnyklary üçin alkyş aýtdy: “Şu günki geçirilen hakaton ýaly çäreler hakyky biznes meseleleri çözmek üçin zehinli adamlary birleşdirip, innowasiýalaryň ösmegine itergi berýär. Bu çäräniň dowamynda işläp düzülen çözgütleriňiz diňe bir siziň zehiniňizi görkezmek bilen çäklenmän, işewürlik proseslerini kämilleşdirmek we Türkmenistanyň startap ekosistemasynyň ösüşini höweslendirmek üçin IT ulgamynyň mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Bilelikde, biz tehnologiýa we telekeçilige esaslanýan geljegiň düýbüni tutýarys"-diýdi.

Ýeňiji bolan üç topar, MCT Agentligi tarapyndan dolandyrylýan biznes inkubator bolan StartUp akademiýasyna çagyryldy. StartUp akademiýasy, startaplaryň netijeli ösmegine we möçberleriniň köpelmegine kömek etmek üçin ýeke-täk halypalyk etmek we hyzmatdaşlyk gurmak üçin mümkinçilikleri hödürleýär. Gabat gelýän gatnaşyjylar sebit we halkara bazarlaryna çykmak üçin startaplary taýýarlaýan akselerasiýa maksatnamasyna hem goşulyp bilerler. Bu hakaton, USAID-iň goldawy bilen Türkmenistanyň startap ekosistemasyny ösdürmäge gönükdirilen MCT Agentliginiň grant maksatnamasynyň bir bölegidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026