HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB we Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyny güýçlendirýärler

Noýabr 20, 2024 | 23:55 |9900
20-nji noýabrda, ÝB Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasynyň çäginde onlaýn seminar geçirildi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini, halkara maliýe guramalary we diplomatlar gatnaşdy20-nji noýabrda, ÝB Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasynyň çäginde onlaýn seminar geçirildi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini, halkara maliýe guramalary we diplomatlar gatnaşdy
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

20-nji noýabrda, ÝB Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasynyň çäginde onlaýn seminar geçirildi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini, halkara maliýe guramalary we diplomatlar gatnaşdy. Türkmen tarapdan Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Sapar Pälwanow gatnaşdy.

Ýewropa komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk baş müdirligi (DG INTPA), halkara maliýe guramalary şol sanda Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB), Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi we Aşgabatdaky beýleki diplomatik wekilhanalaryň wekilleri çäräni goldadylar.

Ýewropa kommisiýasynyň Baş direktorynyň Halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça baş geňeşçisi Henrik Hololeý giriş sözi bilen çykyş etdi.

Onlaýn seminaryň esasy maksady, Türkmenistanyň ileri tutulýan ulag taslamalaryny we halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde olary maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Gatnaşyjylar Hazarüsti ulag geçelgesiniň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrmak we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň zerurlygyna ünsi çekdiler.

Screenshot 2024-11-20 131023.png

Bu seminar, 3-nji oktýabrda Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasynyresmi taýdan işe girizmek boýunça başlangyjyň dowamy boldy. Bu platforma Merkezi Aziýa ýurtlary, halkara maliýe guramalary we ÝB arasynda gepleşikleri ýeňilleşdirmek, geçelgeleri ösdürmek we Merkezi Aziýada gaty we ýumşak infrastruktura pudagynda ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmek tagallalaryny utgaşdyrmak üçin döredildi.

Снимок экрана 2024-11-20 121623.png

Seminara gatnaşyjylar birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Şolaryň arasynda Türkmenistanda demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, hususan-da Türkmenabat – Türkmenbaşy ugry boýunça täze ýollary gurmaga we üstaşyr daşalýan ýükleriň wagtyny gysgaltmak meselesine üns berdiler. Elektron maglumatlary ýygnamak we gözegçilik ulgamlary ýaly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag we gümrük amallaryny işjeňleşdirmek üçin ýeke-täk logistika portalyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Снимок экрана 2024-11-20 121842.png

Taslamalary durmuşa geçirmek üçin halkara maliýeleşdirmesini we tehniki kömegi, şol sanda Aziýanyň Ösüş Banky, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky we Ýewropanyň maýa goýum banky ýaly maliýe guramalarynyň goldawyny çekmäge aýratyn üns berildi.

Gatnaşanlar maglumat alyşmagyň we ähli taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň, taslama düşünjelerini ösdürmegiň we mümkin bolan maýadarlara hödürlemegiň möhümdigini bellediler. ÝB-niň wekilleri goşmaça gözlegler we ýol kartalaryny düzmek ýaly tehniki we maslahat beriş goldawyny bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Onlaýn ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistan bilen ÝB-niň ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň nobatdaky ädimi boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026