HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Eýran maglumat tehnologiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Noýabr 17, 2024 | 21:55 |9601
Eýranyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary, “Infrastructure Communications” kompaniýasynyň Baş direktory Behzad Akbari Aşgabatda eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen gepleşikleri geçirdiEýranyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary, “Infrastructure Communications” kompaniýasynyň Baş direktory Behzad Akbari Aşgabatda eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen gepleşikleri geçirdi
Çeşme: iribnews.ir

Eýranyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary, “Infrastructure Communications” kompaniýasynyň Baş direktory Behzad Akbari Aşgabatda eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen gepleşikleri geçirdi.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, duşuşykda Eýranda sanly infrastrukturany ösdürmekdäki öňegidişlikler bilen tanyşdyryldy şeýle hem özara gatnaşyklara, şol sanda Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden ulag gatnawyny giňeltmek mümkinçiliklere seredildi.

Iki ýurduň hem amatly geografiki ýerleşişi göz öňüne tutup, sebitde sanly infrastrukturanyň ösmeginde esasy orny eýeläp biljekdigi bellenildi.

Taraplar bu meseleler boýunça iş tertibinde bilelikde işlemek barada ylalaşdylar. Behzad Akbari, Eýranyň Aragatnaşyk ministri Seýedastar Haşeminiň adyndan 3-6-njy ýanwarda Tähranda geçiriljek Halkara Telekommunikasiýa sergisine Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagynyň ýolbaşçylaryny çagyrdy.

17112024-turkmenistan-i-iran- (2).jpg

“Infrastructure Communications” kompaniýasynyň Baş direktory Behzad Akbari Aşgabatda geçirilen “Türkmental-2024” atly halkara sergisine baryp gördi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026