HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Garaşylýan DIALOGUE: “Türkmentel-2024”-de geçiriljek gepleşikler

Noýabr 13, 2024 | 11:45 |14289
Forumyň çäklerinde “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň bilen daşary ýurt kompaniýalary we halkara guramalarynyň arasynda 100-den gowrak duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar.Forumyň çäklerinde “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň bilen daşary ýurt kompaniýalary we halkara guramalarynyň arasynda 100-den gowrak duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar.
Çeşme: orient.tm

2024-nji ýylyň 14-16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde “Türkmentel-2024” atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. Çäräniň guramaçylary hökmündeDialogue Events Ltd. britan kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.

“Türkmentel-2024” atly Halkara sergisine we ylmy maslahatyna SpaceX, Samsung, Huawei, Amazon, Nokia, Eastwind, Lenovo, Motorola Solutions, Bosch, Delta Telecom, Thales ýaly dünýä belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşar.

Täze tehnologiýalar, intellektual robotlar, wirtual kömekçiler, sanly hyzmatlar, emeli aňyň mümkinçilikleri, kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça tejribe we pikir alyşmak, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmak forumyň esasy wezipeleri bolar.

Forumyň çäklerinde “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň bilen daşary ýurt kompaniýalary we halkara guramalarynyň arasynda 100-den gowrak duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar.

Amazon kompaniýasynyň dünýä söwdasy we taslamalary dolandyrmak boýunça başlygy Jef Kiýetzmann, Dell kompaniýasynyň Gazagystandaky we Merkezi Aziýadaky wekiliýetiniň başlygy Nurlan Sadykow, Huawei kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebitlerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, marketing we satuw boýunça prezidenti Allen Tang, Nokia Solutions and Networks Branch Operations OY kompaniýasynyň Merkezi Ýewropa sebiti boýunça wise-prezidenti Piter Wukowits, Samsung Electronics kompaniýasynyň GDA ýurtlary boýunça başlygy Li Çunsun ýaly we başga-da birnäçe pudagyň liderleri bilen duşuşyklara garaşylýar.

Forum innowasion ösüşleriň meýdançasy hökmünde aragatnaşyk pudagyny ösdürmekde täze halkara hyzmatdaşlyklaryň tapgyryna badalga berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026