HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BMG howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly başlangyçlaryny we bilelikdäki iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Noýabr 11, 2024 | 20:25 |8634
11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: orient.tm

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistan bilen BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary söhbetdeşligiň esasy düzdi. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Taraplar Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça “Ýol kartasyny” durmuşa geçirmegiň anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-iň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky meseläniň üstünde hem durlup geçildi. Bu tejribe alyşmak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin möhüm meýdança bolmaly.

Mundan başgada taraplar ýylyň ahyryna çenli geçiriljek bilelikdäki çärelere taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilen ýylyň çäginde göz öňünde tutulýan bilelikdäki işiň esasy ugurlaryny kesgitlediler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026