HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Sanly çözgüt-2024” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady

Oktýabr 22, 2024 | 09:45 |6681
Aşgabatda “Sanly çözgüt-2024” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyryna badalga berildi.Aşgabatda “Sanly çözgüt-2024” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyryna badalga berildi.
Çeşme: bercut.com

Aşgabatda “Sanly çözgüt-2024” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyryna badalga berildi.

Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär: emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, “Akylly şäher”, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk we hyzmatlar ulgamy.

Pudaklaýyn ministrliklerden we edaralaryndan ybarat bolan adalatly emin agzalary ýurduň durmuş-ykdysady şertlerinde sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri we wajyplylygy, ykdysady nukdaýnazardan netijeliligi, ýerine ýetiriş hili we ulanyş amatlyklary, şeýle hem dizaýni boýunça taslamalara baha berer.

Bäsleşik Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan, ylmy açyşlar we oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilen. Ol ýaş alymlara we talyplara öz ylmy-tehniki pikirlerini we innowasion açyşlaryny amala aşyrmaga müminçilik döredýär.

Bäsleşigiň netijeleri telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça “Türkmentel-2024” atly XVII Halkara sergisiniň we ylmy malsahatynyň dowamynda jemlener. Çäre 14-16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026