HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda täze demir ýol platformalary synag edildi

Oktýabr 21, 2024 | 04:28 |8364
“KTZ Express” kompaniýasy hyzmatdaşlary bilen bilelikde Altynkol – Žetygen – Altynkol ugry boýunça iki hatarly ýüklenen konteýnerli synag otlusynda ýük daşaldy. Ýük daşamagyň bu görnüşi Gazagystanyň taryhynda ilkinji gezek amala aşyryldy diýip, “kapital.kz” habar berýär.“KTZ Express” kompaniýasy hyzmatdaşlary bilen bilelikde Altynkol – Žetygen – Altynkol ugry boýunça iki hatarly ýüklenen konteýnerli synag otlusynda ýük daşaldy. Ýük daşamagyň bu görnüşi Gazagystanyň taryhynda ilkinji gezek amala aşyryldy diýip, “kapital.kz” habar berýär.
Çeşme: kapital.kz

“KTZ Express” kompaniýasy hyzmatdaşlary bilen bilelikde Altynkol – Žetygen – Altynkol ugry boýunça iki hatarly ýüklenen konteýnerli synag otlusynda ýük daşaldy. Ýük daşamagyň bu görnüşi Gazagystanyň taryhynda ilkinji gezek amala aşyryldy diýip, “kapital.kz” habar berýär.

“Bu innowasion çözgüdi “Žetygen” ulag-logistika merkeziniň terminalynda durmuşa geçirilip, demir ýollaryň geçiriş kuwwatyny 25-44% ýokarlandyrmaga we logistika amallaryny ep-esli derejede ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýöriteleşdirilen wagonlaryň ulanylmagy netijesinde bir otly indi 108 ýerine 156 TEU (ýigrimi fut ekwiwalent birlik, TEU) ýüklemäge mümkinçilik berýär. Ilkinji synag wagonlary “Žetygen” ULM-ne üstünlikli bardy. Bu ýurdumyzyň we Merkezi Aziýanyň ulag pudagyny ösdürmegiň täze tapgyrynyň diňe başlangyjy” – diýip, “Istkomtrans”-yň Baş direktory Almas Abaýdeldinow belledi.

Bilermenler iki hatarly wagonyň täjirçilik işine ornaşdyrylmagynyň Gazagystanyň demir ýol gatnawynyň täze derejesine ýetmegine we halkara bazaryndaky bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmagyna mümkinçilik berjekdigini bellediler. Täze tehnologiýanyň artykmaç taraplarynyň arasynda demir ýolyň geçirjilik ýokarlanmagy, hereket edýän düzümiň işjeňleşdirilmeginiň hasabyna ýol çykdajylaryny azaltmagyny, ýük gatnawlarynyň sanynyň azalmagy netijesinde howa zyýanly maddalaryň žyňylmagynyň azaltmagy sebäpli netijeliligiň ýokarlanandygyny belledi.

“Serhetden biziň terminalymyza çenli ýol gysga, ýöne muňa garamazdan ýoluň kyn bölegi şony göz öňünde tutup, düzümiň senagata işine ornaşdyrmaga taýýardyrys” – diýip Almas Abaýdeldinow nygtady. – Bu tehnologiýa ABŞ-da giňden ulanylýar we indi bolsa Gazagystan konteýnerli ýük daşamagyň häzirki zaman dünýä standartlaryna tarap ädim ätýär – dýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gazagystanyň Demir ýollary edarasy tarapyndan her ugur boýunça 25 tonna agyr ýükli wagonlaryň bu ugurda işlemegine rugsat bermek baradaky mümkin bolan çözgüt, ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasanam Hytaýa 20 futlyk konteýnerlerde agyr ýük eksportyna goşmaça itergi berer. Geljekki synaglar taslamany beýleki ugurlar boýunça giňeltmäge mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026