HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Yrak gaz üpjünçiligi boýunça esasy ylalaşyga gol çekdiler

Oktýabr 19, 2024 | 21:40 |15419
Şenbe güni Yragyň Energetike ministri Ziad Ali Fadel Türkmenistan bilen gündelik 20 million kub metr gaz iberilmegini üpjün etmek baradaky ylalaşyga gol çekilendigini habar berdi.Şenbe güni Yragyň Energetike ministri Ziad Ali Fadel Türkmenistan bilen gündelik 20 million kub metr gaz iberilmegini üpjün etmek baradaky ylalaşyga gol çekilendigini habar berdi.
Çeşme: shafaq.com

Şenbe güni Yragyň Energetike ministri Ziad Ali Fadel Türkmenistan bilen gündelik 20 million kub metr gaz iberilmegini üpjün etmek baradaky ylalaşyga gol çekilendigini habar berdi.

Fadel öz çykyşynda bu gaz akymynyň ýurduň elektroenergetika infrastrukturasyny gowulandyrmakda möhüm orny eýelejekdigini aýtdy: “Daşary ýurtlardan getirilýän gazyň mukdary, gaz bilen işleýän elektrik stansiýalarymyzyň doly işlemegini, milli ulgamyň durnuklylygyny üpjün eder”.

Fadel, Şweýsariýada ýerleşýän “Loxstone Energy” bilen hyzmatdaşlykda alyş-çalyş mehanizminiň bir bölegi hökmünde Türkmenistandan gazyň Eýranyň turbageçiriji ulgamy arkaly Yraga iberiljekdigini düşündirdi.

“Bu ylalaşyga gol çekişmek, köp sanly duşuşygy, özara saparlary we geçen ýyl özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini öz içine alýan bir ýyldan gowrak ýokary derejedäki tehniki tagallanyň jemidir” – diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi, bu barada “Shafaq News” habar berýär.

Türkmenistan Döwlet ministri – “Türkmengaz” DK başlygy Maksat Babaýew resmi sapar bilen Bagdada bardy we saparyň çäginde Premýer-ministriň energetika meselesi boýunça orunbasary, Yragyň Nebit ministri Haýan Abdul Gani bilen duşuşdy.

Yragyň habarlar agentliginiň (INA) Yragyň Nebit ministrligine salgylanyp, beren habarynda, duşuşygyň nebit we energetika pudaklarynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň gözýetimlerini giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny, şol bir wagtyň özünde Yrak bilen Türkmenistanyň bu ugurlarda uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler – diýip, aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026