Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin täze okuw kitaby neşir edildi


Ýakynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin “Nemes dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby neşir edildi (awtorlar: A.Ýazberdiýewa, S.Nazarowa, M.Ataýewa).
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, okuw kitaby: «Meine Familie und ich», «Essen und Trinken», «Bildung in Turkmenistan und Deutschland», «Meine Heimat und deutschsprachige Länder», «Natur und ich», «Kultur und ich» ýaly baplardan ybarat.
Okuw kitabynda özleşdirilmeli temalar okuw maglumatlaryna laýyklykda degişli reňkli suratlar ýerleşdirilen. Onda eziz Watanymyzyň we öwrenilýän diliň ýurdunyň däp-dessurlary, medeniýeti, ýaşuly nesliň kiçilere edýän göreldeli täsiri dogrusynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Kitabyň ikinji babynda sagdyn iýmitlenmek, milli baýramçylyk günlerinde taýýarlanylýan tagamlar ýaly temalar öz beýanyny tapýar. “Türkmenistanyň we Germaniýanyň bilim ulgamy” atly bölüminde okuwçylara bilimiň basgançaklary, kär saýlamak, hemmetaraplaýyn ösen adam bolmak üçin zerur ukyp-başarnyklar, telekeçileriň üstünlikleri ýaly temalar boýunça okuw maglumatlary berlen. Kitabyň dördünji bölüminde okuwçylar ýaş nesil baradaky edilýän alada, ýaşlaryň Watan öňündäki borçlary, Türkmenistanyň we Germaniýanyň ykdysady ösüşleri barada giňişleýin maglumat almak bilen, öz sözlük gorlaryny artdyryp hem-de ony grammatik tema bilen utgaşdyryp, dürs gürlemek we ýazmak endiklerini ele alarlar. Kitabyň bäşinji we altynjy baplarynda okuwçylar tebigaty goramak we aýawly saklamak barada Türkmenistanyň we Germaniýanyň alyp barýan syýasatlary hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ÝUNESKO guramasynyň adamzadyň maddy we maddy däl medeni miraslarynyň sanawyna goşulan gymmatlyklarymyz barada maglumatlar bilen tanşyp, milli we medeni mirasyň ýaş nesle edýän oňyn täsiri barada söhbet ederler. Bu bolsa okuwçylaryň sözleýiş endikleriniň hem-de öz medeni mirasy barada nemes dilinde söhbetdeşliklere girişip bilmek başarnyklarynyň kämilleşmegine itergi berer.
Türkmenistanyň orta bilim berýän mekdepleriniň XII synpy üçin “Nemes dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitaby okuwçylaryň nemes dilinde okamak, ýazmak, berlen sowala düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek, erkin gürlemek ýaly endiklerini artdyrmaga hem-de halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň arabaglanyşygyny öwrenmekde ähmiýetiniň uly boljakdygyna umyt bildirýäris.
ORIENT news








