HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goraglylygynyň ösüşi barada maslahatlaşdylar

Oktýabr 17, 2024 | 23:45 |11876
16-njy oktýabrda Aşgabatda “Dizaýnyň hukuk goraglylygy. Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goragy ulgamynyň ösüşi” atly seminar geçirildi. Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Grigoriý Iwliýew forumda çykyş edip, bazarda harydynyň öňe çykmagy üçin bütin dünýä gatnaşyjylar tarapyndan senagat nusgalaryna isleg bildirilýändigini belledi. Emma Ýewraziýa ýurtlarynda intellektual eýeçiliginiň bu görnüşi entek doly derejede bahalandyrylmady. Ýewraziýa patent edarasy dizaýni patentlemek işini ýaýbaňlandyrmak üçin uly işleir alyp barýar.16-njy oktýabrda Aşgabatda “Dizaýnyň hukuk goraglylygy. Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goragy ulgamynyň ösüşi” atly seminar geçirildi. Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Grigoriý Iwliýew forumda çykyş edip, bazarda harydynyň öňe çykmagy üçin bütin dünýä gatnaşyjylar tarapyndan senagat nusgalaryna isleg bildirilýändigini belledi. Emma Ýewraziýa ýurtlarynda intellektual eýeçiliginiň bu görnüşi entek doly derejede bahalandyrylmady. Ýewraziýa patent edarasy dizaýni patentlemek işini ýaýbaňlandyrmak üçin uly işleir alyp barýar.
Çeşme: eapo.org

16-njy oktýabrda Aşgabatda “Dizaýnyň hukuk goraglylygy - Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goragy ulgamynyň ösüşi” atly seminar geçirildi. Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Grigoriý Iwliýew forumda çykyş edip, bazarda harydynyň öňe çykmagy üçin bütin dünýä gatnaşyjylar tarapyndan senagat nusgalaryna isleg bildirilýändigini belledi. Emma Ýewraziýa ýurtlarynda intellektual eýeçiliginiň bu görnüşi entek doly derejede bahalandyrylmady. Ýewraziýa patent edarasy dizaýni patentlemek işini ýaýbaňlandyrmak üçin uly işleir alyp barýar.

“Harydyň daşky görnüşi belli bir derejede onuň söwda üstünligini kesgitleýär. Käbir ýagdaýlarda hut onuň özi alyjylara bir harydy beýlekiden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän ýeke-täk alamaty bolup durýar. Bütin dünýädäki kompaniýalar toparyň brendiniň, mahabat masatlarynyň we alyjylary çekmegiň netijeli öňegidişligi üçin senagat nusgalaryny giňden ulanýarlar” – diýip, Grigoriý Iwliýew aýtdy.

Senagat nusgasynyň hukuk goraglylygy dizaýna, şol sanda harydyň görnüş we reňk baradaky çözgüdine bolan aýratyn hukuklaryny almaga mümkinçilik berýär. Goraglylyga eýe bolmak üçünji şahslara hukuk eýesiniň razyçylygy bolmazyndan dizaýni ulanmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Ýewraziýa sebitinde senagat nusgalarynyň hukuk goragy ulgamy 2021-nji ýylda döredildi. Dizaýni bellige almak Ýewraziýa patentini almagy bilen meňzeşdir – birbada 8 ýurtda. Islegleriň sany ýylsaýyn artýar. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2024-nji ýylyň 9 aýynyň dowamynda 40 % köp isleg arzalary kabul edildi.

Saparyň çäklerinde Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Türkmenistanyň DIM-nde kabul edildi. Iwleýewiň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda hyzmatdaşlyk meseleleri, şol sanda Türkmenistanyň Ýewraziýa patent guramasy bilen bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Ýewraziýa patent guramasynyň işjeň gatnaşyjylarynyň biridigi we Guramanyň esasy resminamasy – Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna goşulan ilkinji döwletdigi barada aýratyn bellenildi.

Türkmen tarapy milli derejede, şol sanda hususy eýeçilik obýektlerini goramak boýunça kanunçylyk binýady kämilleşdirmek we onuň halkara kanunçylygyna laýyk gelmegini maksat edinýän Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy boýunça alnyp barylýan möhüm işler barada belledi.

DIM-niň habarlar gullugynyň belleýşi ýaly, taraplar ÝPG bilen tejribe hyzmatdaşlygyny, şonuň içinde milli işgärleriň hünär taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de intellektual eýeçiligini goramak bilen bagly hukuk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026