HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçýär

Oktýabr 17, 2024 | 16:00 |7992
Şu gün Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisi öz işine başlady. Foruma gatnaşmak üçin Belarus, Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynyň we Russiýa Federasiýasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we beýleki degişli düzümleriniň wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler. Şunuň ýaly hem GDA gatnaşyjy döwletleriň ençemesiniň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bu mejlisiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklaryna garaşylýar.Şu gün Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisi öz işine başlady. Foruma gatnaşmak üçin Belarus, Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynyň we Russiýa Federasiýasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we beýleki degişli düzümleriniň wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler. Şunuň ýaly hem GDA gatnaşyjy döwletleriň ençemesiniň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bu mejlisiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Çeşme: ria.ru

Şu gün Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisi öz işine başlady. Foruma gatnaşmak üçin Belarus, Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynyň we Russiýa Federasiýasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we beýleki degişli düzümleriniň wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler. Şunuň ýaly hem GDA gatnaşyjy döwletleriň ençemesiniň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bu mejlisiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, migrasiýa we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu geňeşiň işine işjeň gatnaşyp gelýär.

Iki günlük forumyň birinji gününde Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, GDA-nyň ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça gepleşikler geçiriler we degişli resminamalara gol çekiler. Şol bir wagtyň özünde GDA agza ýurtlarda zähmet we durmuş üpjünçiligi kanunçylygynyň kämilleşdirilişi, ilatyň iş üpjünçilik ýagdaýy we 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunyň weteranlaryna hödürlenilýän durmuş ýeňillikleri ýaly meselelere garalar.

Ertir foruma gatnaşmak üçin Türkmenstana gelen daşary ýurtlaryň we GDA-nyň wekiliýetleriniň agzalary Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görerler. Şeýle-de olar özleri üçin ýörite taýýarlanylan medeni maksatnama hem tomaşa ederler.

Forum öz işini 18-nji oktýabrda tamamlar.  

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026