HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat “CIET-2024” maslahatyny kabul etmäge taýýarlanýar

Oktýabr 17, 2024 | 11:14 |57569
2024-nji ýylyň 3-5-nji noýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET-2024) atly Halkara maslahatyny we sergisini geçirmek üçin Aşgabatda şu wagtdan eýýäm güýçli depginde taýýarlyk işleri görülýär. Maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentliginiň bilelikdäki başlangyjy bolup, onuň hut soňkusynyň binýadynda halkara ýygnagyň geçirilmegi amala aşyrylar.2024-nji ýylyň 3-5-nji noýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET-2024) atly Halkara maslahatyny we sergisini geçirmek üçin Aşgabatda şu wagtdan eýýäm güýçli depginde taýýarlyk işleri görülýär. Maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentliginiň bilelikdäki başlangyjy bolup, onuň hut soňkusynyň binýadynda halkara ýygnagyň geçirilmegi amala aşyrylar.
Çeşme: guramaçylar tarapyndan berilen

2024-nji ýylyň 3-5-nji noýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET-2024) atly Halkara maslahatyny we sergisini geçirmek üçin Aşgabatda şu wagtdan eýýäm güýçli depginde taýýarlyk işleri görülýär. Maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentliginiň bilelikdäki başlangyjy bolup, onuň hut soňkusynyň binýadynda halkara ýygnagyň geçirilmegi amala aşyrylar.

CIET-2024 milli ykdysadyýetiň gurluşyk, senagat we energetika pudagyna daşary ýurtly maýa goýumlarynyň toplumlaýyn çekilmegini, ýurduň önümçilik kuwwatynyň ykdysady mümkinçiliginiň köpugurly özleşdirilmegini, sebitiň döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny we onuň goşulyşmagyny, şeýle hem kompaniýalar we halkara guramalar bilen netijeli özara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny maksat edinýär. Geçiriljek maslahatyň çäginde energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýasyny we girdejiligini tizleşdirmek, binagärlikde we şäher gurluşygynda häzirki zaman tendensiýalary, Arkadag “akylly” şäheriniň mümkinçilikleri, ýokary hilli gurluşyk materiallarynyň önümçiliginiň we täze infrastruktura taslamalarynyň maliýeleşdirilmegi, gurluşygyň we senagatyň ösüşinde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny barada ara alyp maslahatlaşylmagy garaşylýar.

Mundan başga-da, maslahatyň çäginde dünýäniň onlarça ýurtlarynyň wekilleri Türkmenistanyň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykaryp biljek ileri tutulýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada maslahatlaşarlar. Şeýle-de çagyryşlar we mümkinçilikler, şeýle hem senagatda, gurluşykda we energetikada tehnologiýa innowasiýalaryň we adam maýasynyň orny barada belleniler.

Şeýle-de maslahatyň çäklerinde tegelek stollar, seminarlar guralyp, olarda milli we daşary ýurtly bilermenler maslahata gatnaşyjylara gurluşyk, senagat we energetika hyzmatlarynyň bazarynda bellenilýän häzirki zaman ugurlar barada gürrüň bererler. Ara alnyp maslahatlaşylýan taslamalaryň we degişli ugurlar boýunça öwrenilýän meseleleriň interaktiw meýdançasyna öwrülmegine garaşylýan sergisine hem aýratyn ähmiýet beriler. Häzirki wagtda iri energetika we infrastruktura taslamalarynyň, şol sanda türkmen tarapyna günorta-aziýa gaz bazaryna ýol açjak “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň strategiki artykmaçlyga eýedigini bellemek zerurdyr. Işiň beýleki wajyp ugry – bar bolan elektrik beketleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we täzeleriň gurulmagy bolar. Belli bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan sebitde iri elektrik energiýa üpjün edijileriniň birine öwrüldi, bu bolsa bütin dünýäniň maýadarlary üçin täze mümkinçilikleri açyp berýär.

Maslahatyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda şäher gurluşyk pudagynyň ösüşi bolup, onuň giňeldilmegi şol bir wagtyň özünde senagat mümkinçiligi üçin täze ýollary açmaga şert döredýär. Iki pudak hem biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr: döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýaly täze şäher gurluşyk başlangyçlaryň aňarsynda giň gerimli gurluşyk önümçligini ýaýbaňlandyrmagyň hakyky mümkinçilikleri bardyr. Şeýlelik bilen, Türkmenistanda netijeli işi alyp barmakda daşary ýurtly maýadarlar üçin giň şertler dörediler.

Hut şu ileri tutulýan ugurlar Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň mundan belýäk-de ösdürilmegi üçin itergi güýç bolup, “CIET-2024” Maslahatynyň dowamynda ýetilen ylalaşyklar we täze taslamalar bolsa oňa öz goşandyny goşar. Giňişleýin maglumat üçin çäräniň resmi saýtyna ýüz tutup bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026