Özbegistanyň energetika ministri “OGT-2024” maslahatyna gatnaşar


Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow şu ýylyň 23-25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) Halkara maslahatynyň we sergisiniň myhmany bolar. Mertebeli myhman “Ählumumy energetika bazaryndaky täze ugurlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bölümçäniň spikeri bolar.
Bölümçäniň çäklerinde dünýä ykdysady bazarynyň ugurlaryna syn berilip, onda Türkmenistanyň strategiki ornunyň kesgitleniljekdigine garaşylýar. Mundan başga-da, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu babatda Türkmenstan bilen Özbegistan Respbulikasynyň energetika we nebit-gaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýän öňden dowam edip gelýän söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň bolandygyny bellemeli. Şeýlelikde, Özbegistanyň çäginden Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi geçirilen. Şeýle-de köp ýyllaryň dowamynda goňşy ýurt türkmen elektrik energiýasynyň durnukly we ygtybarly satyn alyjylarynyň sanawyndadyr.
Bu ýerde bölümçäniň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýangyç-energetika ugry Özbegistandaky meňzeş ulgamy bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan Türkmenistanyň energetika infrastrukturasynyň mümkinçilikleri bilen tanyş boljakdygyny aýratyn bellemeli. Bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Özbegistanyň energetika hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän ikitaraplaýyn ylalaşyklarynyň bardygyna düşünmeli. Olaryň arasynda – tebigy gazyň durnukly daşalmagy we goňşy ýurduň islegleriniň artdyrylmagynyň esasynda onuň giňeldilmegi, türkmen elektrik energiýasynyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegi, dürli infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylmagy.
Bularyň ählisi bilelikde eksport we import işiniň ýokarlandyrylmagynyň hem-de türkmen energiýa serişdeleriniň başga ýurtlara we sebitlere üstaşyr geçirilmeginiň netijesinde ýurtlaryň arasyndaky sebit goşulyşmagynyna ýardam berýär. Şübhesiz, bu özara gatnaşyk Merkezi Aziýada energiýa durnuklylygynyň berkidilmegine hem-de işjeň hyzmatdaşlyga gönükdirilen iki dostlukly döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam bermekde oňaýly täsirini ýetirýär.
Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudowyň Türkmenistana sapary we “OGT-2024” halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň umumy ösüş strategiýasyna sazlaşykly girizilen öňde goýulan meýilleriň durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşar.
40 ýurtdan 700-den gowrak wekil eýýäm “OGT-2024” Maslahatyna gatnaşmak üçin hasaba alyndy.
Gaýybana gatnaşmak üçin bellige alynyşlaryň ýapylandygy barada habar berýäris. Onlaýn görnüşinde gatnaşmak üçin bellige alynyşlar 20-nji oktýabra çenli açykdyr.
Giňişleýin maglumat almak üçin çäräniň resmi saýtyna geçiň.
ORIENT news








