HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri BSG hünärmenleriniň Şweýsariýadaky okuw malahatyny tamamladylar

Oktýabr 15, 2024 | 18:40 |8853
Geçen hepde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň sekretariaty BSG-ä goşulýan ýurtlaryň wekilleri üçin bazara girmek boýunça gepleşikleri geçirmegiň düzgünleri we ugurlary boýunça okuw maslahaty geçirildi.Geçen hepde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň sekretariaty BSG-ä goşulýan ýurtlaryň wekilleri üçin bazara girmek boýunça gepleşikleri geçirmegiň düzgünleri we ugurlary boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Geçen hepde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň sekretariaty BSG-ä goşulýan ýurtlaryň wekilleri üçin bazara girmek boýunça gepleşikleri geçirmegiň düzgünleri we ugurlary boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna Türkmenistandan Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Merkezi bankynyň hem-de Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

15102024-turkmenskie-specialisty-proshli-uchebnyj-kurs-ot-ekspertov-vto (1).jpeg

Okuw maslahatynyň dowamynda BSG-a agza bolmak boýunça işler alyp barýan ýurtlaryň wekillerini harytlaryň söwdasy boýunça gepleşikleri geçirmegiň ugurlary, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçiriliş düzgünleri we maksatlary babatynda BSG-nyň bilermenleri tarapyndan bilim aldylar. Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak üçin işleri alyp baran ýurtlaryň tejribelerinden öwrenip boljak esasy sapaklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýaponiýanyň we Braziliýanyň BSG-da gepleşikleri alyp barýan wekilleri tarapyndan özleriniň tejribelerini paýlaşdylar we birnäçe maslahatlar berdiler.

15102024-turkmenskie-specialisty-proshli-uchebnyj-kurs-ot-ekspertov-vto (2).jpeg

Bu okuw maslahatynyň çäklerinde meýilnamalaşdyryş usullaryna, pudaklaýyn çemeleşmelere we ikitaraplaýyn bazara giriş şertnamalaryny birleşdirmäge we barlamaga aýratyn üns bermek bilen, harytlara goşulmak bilen baglanyşykly söwdanyň ähli ugurlary boýunça giňişleýin taýýarlyk geçirildi.

15102024-turkmenskie-specialisty-proshli-uchebnyj-kurs-ot-ekspertov-vto (3).jpeg

Türkmenistan 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-a goşulýan ýurt derejesini alanyndan bari bu ugurda işleri has-da işjeňleşdirdi. Häzirki wagtda BSG-a agza bolmak boýunça esasy taýýarlanylmaly resminamanyň, ýagny Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni barada Ylalaşygyň deslapky taslamasy BSG-nyň Sekretariaty bilermenleri we ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem gutarnykly taslamasy jemlemek boýunça işler alnyp barylýar.

15102024-turkmenskie-specialisty-proshli-uchebnyj-kurs-ot-ekspertov-vto (5).jpeg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026