HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan paýhas bäsleşigi geçiriler

Oktýabr 12, 2024 | 12:00 |7649
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda paýhas bäsleşigini geçirer.Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda paýhas bäsleşigini geçirer.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda paýhas bäsleşigini geçirer.

“Magtymguly we türkmen edebiýaty” bäsleşigi beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabadyň energetika orta hünär okuw mekdebinde geçiriler.

Her ýokary okuw mekdebiniň adyndan üç talyba çenli gatnaşyp biler. Gatnaşmagyň dowamynda gazanyp boljak iň ýokary baha 100 balldyr.

Paýhas bäsleşigine jogapkär ýokary okuw mekdebi 50 sany test soraglary taýýarlap, olary çözmek üçin gatnaşyjylara 60 minut wagt beriler.

Adalatly eminleriň gatnaşyjylaryň ýumuşlaryny barlandan soň, paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri yglan ediler. Olaryň atlary Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň saýtynda ýerleşdiriler.

Ýeňijiler hormat hatlar bilen sylaglanar.

Gatnaşyjylar we jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlar 2024-nji ýylyň 15-nji oktýabryna çenli turkmendili_edebiyaty@mail.ru elektron salgysyna iberilmeli.

Ähli soraglar boýunça aşakdaky salga ýüz tutmaly:

Abdy Abdyýew, paýhas bäsleşiginiň guramaçylyk toparynyň agzasy: +99365311551(turkmendili_edebiyaty@mail.ru).

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026