HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Mongoliýa hyzmatdaşlyk barada birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler

Oktýabr 12, 2024 | 14:16 |13959
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Çeşme: president.mn

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda howa gatnawy we halkara awtomobil gatnawy barada iki sany hökümetara Ylalaşyklaryna gol çekildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda weterinariýa we maldarçylyk hem-de azyk we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki sany Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň derejesinde medeniýet hyzmatdaşlygy we syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalary baglaşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi diýip, “TDH”-nyň saýtynda bellenilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026