HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet Baştutanlary Aşgabatdaky forumda: parahatçylyk we ösüş baradaky dialog

Oktýabr 11, 2024 | 13:30 |17101
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly Halkara maslahatynyň umumy mejlisi geçirildi.Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly Halkara maslahatynyň umumy mejlisi geçirildi.
Çeşme: tdh.gov.tm

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly Halkara maslahatynyň umumy mejlisi geçirildi.

Foruma gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Wagan Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldiler.

Myhmanlaryň arasynda – Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hökümet agzalary, tanymal alymlar, medeniýet işgärleri we diplomatlar bar.

Forum beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek maksatnamasynyň çäklerinde geçirilip, oňa ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda guralan köpsanly dabaraly çäreler girizildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, beýik şahyryň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny hem-de umumyadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara maslahatynyň esasy maksady diýip, “TDH” habar berýär. Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň uly mejlisler zalynda gecirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Focus Business Türkiye» žurnalynyň täze sany çykdy: iýul aýynyň netijeleri, rekord eksport we täze bazarlar

«Focus Business Türkiye» žurnalynyň täze sany çykdy: iýul aýynyň netijeleri, rekord eksport we täze bazarlar

19:51 Awgust 10, 2026
Türkmen alymlary «Uly Altaý: türki miras 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasyna gatnaşýarlar

Türkmen alymlary «Uly Altaý: türki miras 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasyna gatnaşýarlar

17:46 Awgust 10, 2026
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026