Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri köpsanly myhmanlary ýygnady

Oktýabr 10, 2024 | 11:51 |6558
Aşgabatda 7-10-njy oktýabr aralygynda geçirilen Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri köpsanly myhmanlary ýygnady.Aşgabatda 7-10-njy oktýabr aralygynda geçirilen Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri köpsanly myhmanlary ýygnady.
Çeşme: inform.kz

Aşgabatda 7-10-njy oktýabr aralygynda geçirilen Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri köpsanly myhmanlary ýygnady.

Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gazagystanyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti Medeniýet günleriniň jemleýji çäresi boldy.

“Шаттық елі” eseri bilen halk gurallarynyň Gazak milli orkestri, “Он саусақ” kompozisiýasyny ýerine ýetiren Gazagystan Respublikasynyň halk artisti Ramazan Stamgaziýew, Rasul Žarmagambetow, Abylaý Tlepbergen, Tanat Sadenow we “Бірлік” tans topary türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler. Gazagystan Respublikasynyň at gazanan artisti Alişer Karimow türkmen dilinde “Jan Watanym Türkmenistan” aýdymyny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanlylar üçin Medeniýet günleriniň çäginde “Сарыaрқа” maksatnamasy bilen Kurmangazy adyndaky halk gurallarynyň Gazak milli orkestriniň hem-de “Serhetsiz owazlar” maksatnamasy bilen Roza Baglanowa adyndaky “Қазақконцерт” Döwlet akademiki konsert guramasynyň “Saz&Soul” toparynyň konsertleri guraldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026