HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Oktýabr 09, 2024 | 15:21 |7799
8-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.8-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Çeşme: tdh.gov.tm

8-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkme-türk gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny şöhbetdeşler bellediler we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da, ýakynda wagtda geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada pikir alyşdylar diýip TDH habar berýär. Söhbetdeşlik türkmen halkynyň şeýle hem türki halklaryň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreler barada boldy.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan görnükli söz ussadynyň ýubileýi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralara uly gyzyklanma synlaýandygyny aýtdy we beýik şahyra bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Rejep Taýyp Ärdogan Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Rejep Taýyp Ärdoganyň Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we geljek nesillere ýetirmekde mynasyp goşant goşandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny hem-de türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň doganlyk ýurduň Baştutanyny “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyndan Emine Ärdogana salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidente özi üçin islendik amatly wagtda sapar Türkmenistana gelip görmegine garaşýandygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026