HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2025-nji ýylda Türkiýede geçiriljek teatr festiwallary

Oktýabr 09, 2024 | 16:24 |17011
Indiki ýyl Türkiýe Respublikasy halkara derejesinde birnäçe teatr festiwallary kabul eder.Indiki ýyl Türkiýe Respublikasy halkara derejesinde birnäçe teatr festiwallary kabul eder.
Çeşme: aa.com.tr

Indiki ýyl Türkiýe Respublikasy halkara derejesinde birnäçe teatr festiwallary kabul eder.

Olaryň arasynda:

2025-nji ýylyň 27-nji marty – 30-njy apreli aralygynda geçiriljek Adanadaky 24-nji Halkara teatr festiwaly. Ol Türkiýe Respublikasynyň Döwlet teatrlarynyň Baş Müdirliginiň hem-de Sabanji Gaznasynyň başda durmagynda geçirilip, sahna oýunlarynyň özboluşly maksatnamasyny hödürleýär.

Habarlaşmak üçin:

Kaýhan Namal

Festiwalyň utgaşdyryjysy

Saýt: www.devtiyatro.gov.tr

E-mail: adanatheatrefest@gmail.com

Tel:/Faks +90 312 324 40 94

Ankaradaky “Ýaş hanymlar, Ýaş jenaplar” atly 20-nji Halkara çaga teatr festiwaly. Festiwal Türkiýe Respublikasynyň Garaşsyzlyk baýramyna we Bütindünýä çagalar gününe bagyşlanylyp, 2025-nji ýylyň 24-29-njy apreli aralygynda geçiriler.

Bu baýramçylyk her ýylyň 23-nji aprelinde bellenilýär.

Habarlaşmak üçin:

Didem Erkek

Festiwalyň utgaşdyryjysy

Saýt: www.devtiyatro.gov.tr

E-mail: turkiye.23april@gmail.com

Tel: +90 312 324 40 94/1250

2025-nji ýylyň 7-16-njy fewral aralygynda dramaçy-zenanlaryň 3-nji Halkara teatr festiwaly. Ol Stambuldaky Atatürk adyndaky Medeniýet merkezinde geçiriler.

Festiwalda tutuş dünýädäki zenanlar tarapyndan ýazylan ajaýyp pýesa oýunlary görkeziler.

Habarlaşmak üçin:

Burju Boran

Festiwalyň utgaşdyryjysy

Saýt: www.devtiyatro.gov.tr

E-mail: istwomenplaywrightsfest@gmail.com

Tel:/Faks +90 312 324 40 94

Antalýadaky 15-nji Halkara teatr festiwaly, 2025-nji ýylyň 17-27-nji maýy.

Sebitde ilkinji halkara teatr çäresi bolmak bilen, bu festiwal Türkiýe Respublikasynyň döwlet teatrlary – Türkiýe Respublikasynyň Milli teatrynyň hem-de beýleki ýurtlaryň daşary ýurt toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir.

Habarlaşmak üçin:

Burju Boran

Festiwalyň utgaşdyryjysy

Saýt: www.devtiyatro.gov.tr

E-mail: antalyatheatrefest.gov.tr@gmail.com

Tel:/Faks +90 312 324 40 94

Konýadaky “Müň dem, bir ses” atly 17-nji Halkara teatr festiwaly, 2025-nji ýylyň 24-nji maýy – 1-nji iýuny aralygy.

Bu festiwal teatryň birleşdiriji güýjüni wasp edip, Türkiýe Respublikasynyň döwlet teatrlarynyň hem-de dünýäniň teatr toparlarynyň arasynda medeni hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilik döredýär.

Saýt: www.devtiyatro.gov.tr

E-mail: konyadt@gmail.com

Tel:/Faks +90 312 324 40 94

Bursadaky “Balkan öwüsgini” atly Balkan ýurtlarynyň 12-nji Halkara teatr festiwaly, 2025-nji ýylyň 7-16-njy apreli.

Bu festiwal Balkanlaryň ähli künjekleriniň – Bosniýanyň, Makedoniýanyň, Albaniýanyň, Horwatiýanyň, Serbiýanyň, Gresiýanyň, Bolgariýanyň teatr toparlaryny birleşdirýär.

Habarlaşmak üçin:

Didem Erkek

Festiwalyň utgaşdyryjysy

Saýt: www.devtiyatro.gov.tr

E-mail: internationalbursabalkanfest@gmail.com

Tel: +90 312 324 40 94/1250

Trabzondaky 25-nji Halkara Gara deňiz teatr festiwaly, 2025-nji ýylyň 02-15-nji maýy.

Festiwalyň wezipesi – täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de döredijilikli dialog arkaly geljekki taslamalary höweslendirmek.

Habarlaşmak üçin:

Kaýhan Namal

Festiwslyň utgaşdyryjysy

Saýt: www.devtiyatro.gov.tr

E-mail: trabzontheatrefestival@gmail.com

Tel:/Faks +90 312 324 40 94

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026