HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2025-nji ýyldan başlap Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri giriziler

Oktýabr 04, 2024 | 16:16 |13139
2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri we ýurduň syýahatçylyk kuwwatynyň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly goşmaça çäreler giriziler. Degişli karary Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabineti kabul etdi diýip, “Daryo” internet-neşiri habar berýär.2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri we ýurduň syýahatçylyk kuwwatynyň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly goşmaça çäreler giriziler. Degişli karary Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabineti kabul etdi diýip, “Daryo” internet-neşiri habar berýär.
Çeşme: journal.tinkoff.ru

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri we ýurduň syýahatçylyk kuwwatynyň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly goşmaça çäreler giriziler. Degişli karary Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabineti kabul etdi diýip, “Daryo” internet-neşiri habar berýär.

Şeýlelikde, syýahatçylygyň täze görnüşleriniň arasynda:

Önüm öndürijilik işleri bilen tanyşlygy göz öňünde tutýan Senagat syýahatçylygy;

Altyn, magdan we beýleki gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň gazylyp alyşynda, magdan kärhanalarynda, şahtalarda, howpsuz araçäkden hereket etmeýän geologiýa desgalarynda tehnologiýa prosesslerine, şol sanda dag-magdan we partlatma işlerine syn etmegi, hünärmenler bilen aragatnaşygy, dag ýerlerine ekskuriýalaryň guralmagyny göz öňünde tutýan Geologiýa syýahatçylygy;

Ylmy-barlag institutlaryna we laboratoriýalara, obserwatoriýalara we planetariýalara, Ylymlar akademiýasyna we onuň düzümine girýän edaralara baryp görmek bilen ylmyň we tehnikanyň gazananalary bilen tanyşmaga niýetlenen Ylmy syýahatçylyk;

Harby syýahatçylyk. Syýahatçylygyň bu görnüşi harby taryh we bu babatda alnyp barylan işler bilen baglanyşykly ýerlere baryp görmegi, ýadygärliklere we çärelere gatnaşmagy, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşmagy, sebitlerde syýahatçylary düşürmek boýunça tölegli hyzmatlaryň guralmagyny göz öňünde tutýar.

Ýurduň syýasy durmuşyny, döwlet edaralarynyň, hususan-da, hökümet binalarynyň we desgalaryň taryhyny we işini şöhlelendirýän ýerlere baryp görmegi öz içine alýan Döwlet-dolandyryş syýahatçylygy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026