HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň ýygyndy topary C kategoriýasynda öňde barýar

Sentýabr 17, 2024 | 23:10 |12352
Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda düýn 6-njy tapgyr tamamlanyp, Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň ýygyndy topary 12 mümkin bolan utukdan 8 topar utugy bilen öz kategoriýasynda birinji ýerde barýar.Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda düýn 6-njy tapgyr tamamlanyp, Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň ýygyndy topary 12 mümkin bolan utukdan 8 topar utugy bilen öz kategoriýasynda birinji ýerde barýar.
Çeşme: TKF

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda düýn 6-njy tapgyr tamamlanyp, Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň ýygyndy topary 12 mümkin bolan utukdan 8 topar utugy bilen öz kategoriýasynda birinji ýerde barýar.

Esasy umumy hasaplamalardan soňra 183 milli aýal-gyzlaryň toparlary topar agzalarynyň ortaça reýtingine laýyklykda bäş kategoriýa bölünen. Umumy hasaplamada 73 belgili çykyş edýän Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň ýygyndy topary C kategoriýasyna düşdi. 6-njy tapgyrdan soň umumy ýaryş hasaplamalarynda 36-njy ýeri eýeläp, biziň küştçi aýal-gyzlarymyz öz kategoriýasynyň ähli toparlarynyň arasynda iň ýokary netijeleri görkezmäge başarýarlar. Bu ýaryşda olaryň yz ýanyndan Malaýziýanyň ýygyndy topary gelip, 12 mümkin bolan utukdan 8 utugy gazanyp 45-nji ýeri eýeleýär.

17092024-na-vsemirnoj-shahmatnoj-olimpiade (2).jpg

Soňky 6-njy tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndy topary ortaça reýtingi 1956 bolup, 3:1 hasap bilen Braziliýanyň toparyny (ortaça reýtingi - 2132) ýeňmegi başardy. Leýla Şohradowa (3-nji tagta) we 4-nji tagtada oýnan Eneş Arazmedowa tapawutlanyp bildiler. 1-nji we 2-nji tagtada oýnan ýurduň wise-çempiony we çempiony Lala Şohradowa we Merýem Agajanowa deň hasapda oýun geçirdiler. Adaty boýunça 4-nji tagtada çykyş edýän Jahan Rejepowa 6-njy tapgyrda dynç aldy.

Şu ýylyň ýurduň çempionatynda 5-nji orny eýeleýän 17 ýaşly Eneş Arazmedowa ähli 4 partiýasyny ýeňip, iň gowy ýokary derejeli netijeleri görkezýär.

17092024-na-vsemirnoj-shahmatnoj-olimpiade (4).jpg

Umuman, ýaryşda aýal-gyzlaryň arasynda Hindistanyň ýygyndy topary (ortaça reýtingi - 2467) ähli 4 oýuny ýeňip, liderligi saklaýar. Ikinji ýere – küştde güýçli bolan Gruziýa, üçünji ýere bolsa Polşa mynasyp boldular.

7-nji tapgyrda biziň aýal-gyzlarymyzyň ýygyndy topary 39-njy orunda barýan ortaça reýtingi 2215 bolan Kubanyň ýygyndy toparyna garşy ýaryşmaly.

17092024-na-vsemirnoj-shahmatnoj-olimpiade (6).jpg

Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary (ortaça reýting - 2332) pesräk netijeleri görkezýär – 12 mümkin bolan utukdan 6 topar utugy bar. 73 belgili çykyş edýän, emma entek has güýçli B kategoriýasyna saýlanan erkek-oglanlarymyza ýa-da has gowşak garşydaşlar (Bagamalar – 4:0, Bruneý – 4:0, Kipr – 3:1) duşup, olary kän güýç sarp etmeden ýeňmegi başarýarlar. Ýa-da has güýçli garşydaşlar (Litwa – 0:5, Awstriýa – 1:3, Şweýsariýa – 0,5:3,5) duşup, olary entek ýeňmek başardanok.

17092024-na-vsemirnoj-shahmatnoj-olimpiade (5).jpg

Halkara ussat türgeni Saparmyrat Atabaýew (1-nji tagta), grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (2-nji tagta), 18 ýaşly Amanmuhammet Hommadow (3-nji tagta), ýurduň häzirki çempiony Allaýar Şirliýew (4-nji tagta) hem-de ätiýaç oýunçysy Wepaly Halyniýazow biziň ýurdumyza wekilçilik edýärler.

Erkek-oglanlaryň arasynda hem entek utuklaryny ýitirmeýän Hindistanyň ýygyndy topary birinji ýerde barýar. Bir utuk yzda Wýetnamyň, Hytaýyň, Eýranyň ýygyndy toparlary gelip, olaryň herisiniň hasabynda 11 utukdan bar.

17092024-na-vsemirnoj-shahmatnoj-olimpiade (9).jpg

Küşt olimpiadasy 22-nji sentýabra çenli dowam eder. Şu ýyl Türkmenistanyň ýygyndy topary 6 ýyl dowam eden arakesmeden soň dünýäniň esasy küşt ýaryşlaryna gatnaşýar diýip, Türkmenistanyň küşt federasiýasynda bellenilýär. Olimpiada gatnaşmak üçin jemi 197 erker-oglanlaryň toparlary we 183 aýal-gyzlaryň toparlary bellige alyndy.

Netijeleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

23:30 Iýul 20, 2026
Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

23:22 Iýul 20, 2026
Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

23:13 Iýul 20, 2026