HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE syýahatçylara 10 GB mugt maglumatly tiz SIM-karta hödürleýär

Sentýabr 18, 2024 | 11:10 |11215
Birleşen Arap Emirliklerine gelýän syýahatçylar indi 10 GB mugt maglumatly tiz elektron sim-kartadan peýdalanyp bilerler.Birleşen Arap Emirliklerine gelýän syýahatçylar indi 10 GB mugt maglumatly tiz elektron sim-kartadan peýdalanyp bilerler.
Çeşme: arabianbusiness.com

Birleşen Arap Emirliklerine gelýän syýahatçylar indi 10 GB mugt maglumatly tiz elektron sim-kartadan peýdalanyp bilerler.

“Gelip görýänler üçin tölegsiz ulgam” diýlip atlandyrylýan eSIM “e&” Döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy tarapyndan hödürlenýär.

Ony mmigrasiýa barlagyndan geçenden dessine özbaşdak işjeň ýagdaýa getirip, gonan pursatlaryndan syýahatçylaryň ýakynlary bilen aragatnaşykda bolmaga hem-de möhüm hyzmatlardan peýdanlanama mümkinçilik berer.

Diňe QR kody ulanyp skanirlemeli we ýüz tanamak tehnologiýasyny ulanmaly.

Bu täzelik syýahatçylaryň adaty SIM-kartalar üçin nobata durmak zerurlygyny aradan aýyrýar.

“e&” kompaniýanyň müşderiler bilen işlemek bölüminiň müdiri Haled Elkhuli bu başlangyjyň ykjam aragatnaşyk üçin täze ölçegleri döredýändigini belledi. Şeýle hem, BAE-iň innowasiýa ygrarlydygyny we müşderilere ajaýyp mümkinçilik bermäge hemişe çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Birleşen Arap Emirlikleri millionlarça daşary ýurtly syýahatçyny özüne çekmegi dowam etdirýär. Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk müdirliginiň habaryna görä, diňe geçen ýyl Dubaýa 17,15 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçy geldi.

Şol ýyl Abu-Dabiniň ilaty hem üç göterim artdy, Dubaý häzirki wagtda BAE-de iň köp ilatly şäher bolmagynda galýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026