HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda durmuş inklýuziýasy boýunça täze kurs: deň mümkinçiliklere tarap

Sentýabr 18, 2024 | 02:00 |10235
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Zähmet we durmuş üpjünçilik ministrligi bilen bilelikde ÝUNISEF “Maýyplygy bolan adamlaryň durmuş inklýuziýasy” atly kurs üçin okuw materiallaryny hödürlediler. Bu kurs degişli ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna girizimek hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen kurslaryň geçirilmegi üçin niýetlenen.Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Zähmet we durmuş üpjünçilik ministrligi bilen bilelikde ÝUNISEF “Maýyplygy bolan adamlaryň durmuş inklýuziýasy” atly kurs üçin okuw materiallaryny hödürlediler. Bu kurs degişli ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna girizimek hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen kurslaryň geçirilmegi üçin niýetlenen.
Çeşme: UNICEF in Turkmenistan

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Zähmet we durmuş üpjünçilik ministrligi bilen bilelikde ÝUNISEF “Maýyplygy bolan adamlaryň durmuş inklýuziýasy” atly kurs üçin okuw materiallaryny hödürlediler. Bu kurs degişli ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna girizimek hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen kurslaryň geçirilmegi üçin niýetlenen.

Kurs 15 moduldan ybarat bolup, durmuş inklýuziýasy düşünjesi, hünär goşulyşmaklygy we maýyplygy bolan adamlara goldaw bermekde häzirki zaman çemeleşmeleri ýaly möhüm mowzuklara bagyşlanan. Şeýle-de kursda goşmaça kömekçi tehnologiýalary ulanmak, kiçi ýaşly çagalaryň psihiki saglygyny üpjün etmek, kommunikatiw başarnyklary ösdürmek, dürli derejeli maýyplygy bolan adamlaryň fiziki we ergo bejergileri boýunça meselelere garalýar.

Okuw materiallar çärä gatnaşan bilim, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi boýunça hünärmenler üçin, şol sanda mekep mugallymlar, çagalar baglarynyň terbiýeçileri, durmuş we lukmançylyk işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin niýetlenen. Gatnaşyjylar durmuş inklýuziýasy boýunça konsepsiýa hem-de bilim prosessine we durmuş ýaşaýyşynda çagalaryň doly gatnaşmaklaryny üpjün etmek üçin maýyplygy bolan çagalara we olaryň maşgalalaryna toplumlaýyn hyzmatlaryň hödürlenilmegi bilen tanyşdylar.

18092024-socialnoj-inklyuzii-v-turkmenistane (2).jpg

Maksatnamanyň esasy ugry maýyplygy bolan we ösüşde yza galýan çagalar üçin irki goşulmaklyk hyzmatlarynyň hödürlenilmegini öz içine alýar. Inklýuziw bilim durmuş inklýuziýasynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol kursyň üns merkezindedir. Mundan başga-da Maksatnama maýyplygyň öňüni almak we maýyplygy bolan adamlaryň kabul edilmeginde we olara goldaw berilmeginde ýardam etmek üçin ýerli bileleşikleriniň hyzmatdaşlygyny öz içine alýar. “Maýyplygy bolan adamlaryň durmuş inklýuziýasy boýunça täze kursynyň işläp taýýarlanmasyny goldamaga biz örän şat.

ÝUNISEF-iň kömegi bilen Bilim ministrligi tarapyndan Aşgabadyň çagalar baglarynyň we mekdepleriniň ikisinde inklýuziw bilimiň esasy ugurlarynyň girizilýän wagtynda ol hakykatdan hem uly ähmiýete eýedir. ÝUNISEF maýyplygy bolan çagalaryň ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny we bilime bolan mümkinçiliklerini alyp bilerler ýaly tutuş ýurt boýunça inklýuziw başlangyçlaryny ornaşydyrmak işini goldamagyny dowam eder” – diýip, Türkmenistanda ÝUNISEF-iň başlygynyň orunbasary Aleksandru Nartea belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

19:00 Iýul 16, 2026
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

17:00 Iýul 16, 2026
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

14:00 Iýul 16, 2026