HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

Sentýabr 15, 2024 | 21:45 |13335
15-nji sentýbar, ýekşenbe güni wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz yrakly kärdeşi Fuad Hüseýn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.15-nji sentýbar, ýekşenbe güni wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz yrakly kärdeşi Fuad Hüseýn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Çeşme: mofa.gov.iq

15-nji sentýbar, ýekşenbe güni wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz yrakly kärdeşi Fuad Hüseýn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ýokary we iň ýokary derejede amala aşyrylýan ikitaraplaýyn saparlaryna hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklara, sebitleýin we halkara gün tertibindäki meseleler boýunça hyzmatdaşlyga üns çekmek bilen, türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň berýän habarlarynda aýdylýar.

Yragyň DIM-niň habarlaryna laýyklykda, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistandan Yraga gaz geçirişlerine degişli ylalaşyklar hem-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Bagdad hökümetiniň berýän maglumatlaryna görä, hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen türkmen ministri Fuad Hüseýne Aşgabada sapar bilen gelmek üçin resmi çakylyk ýollady.


2024-nji ýylyň iýul aýynyň başlarynda Aşgabatda türkmen we eýranly taraplarynyň arasynda Eýranyň çäginden Türkmenistandan Yraga geçiriljek ýylda 10 mlrd m3 barabar bolan tebigy gazyň alyş-satuwy barada şertnama baglaşyldy.

Aşgabadyň Hökümeti hem Yragyň ýolbaçylaryny şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Sammitine gatnaşmak üçin resmi çakylygyny ýollady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026