HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň biri öz uçarlarynda “Starlink” arkaly tölegsiz Wi-Fi hödürlär

Sentýabr 14, 2024 | 11:48 |12569
Geljek ýyldan başlap, Amerikanyň iň uly awiakompaniýalarynyň biri bolan “United Airlines” “SpaceX”-den “Starlink” emeli hemra internetiniň üsti bilen ýolagçylara tölegsiz Wi-Fi hödürlär.Geljek ýyldan başlap, Amerikanyň iň uly awiakompaniýalarynyň biri bolan “United Airlines” “SpaceX”-den “Starlink” emeli hemra internetiniň üsti bilen ýolagçylara tölegsiz Wi-Fi hödürlär.
Çeşme: 3dnews.ru

Geljek ýyldan başlap, Amerikanyň iň uly awiakompaniýalarynyň biri bolan “United Airlines” “SpaceX”-den “Starlink” emeli hemra internetiniň üsti bilen ýolagçylara tölegsiz Wi-Fi hödürlär.

Geljekde “United Airlines” kompaniýasynyň 1000-den gowrak uçarlarynda “Starlink”-den tölegsiz Wi-Fi elýeterli bolar.

“Ýerde edip bilýän zatlaryňyzy siz ýakyn wagtda 35,000 fut (10,668 metr) belentlikde “United”-iň uçarynda dünýäniň islendik ýerinde diýen ýaly edip bilersiňiz” – diýip, “United Airlines”-iň Baş direktory Skott Kirbi (Scott Kirby) aýtdy.

Bu başlangyç syýahatçylar üçin möhüm ähmiýete eýedir. “United Airlines” häzirki wagtda öz uçarlary üçin dört dürli Wi-Fi üpjün edijisini ulanýar, olaryň arasynda Intelsat, Panasonic Wi-Fi we Viasat Wi-Fi bar.

ABŞ-da ýokary tizlikli “Starlink” hyzmaty häzirki wagtda diňe “JSX” we “Hawaiian Airlines” uçarlarynda elýeterlidir. Birnäçe halkara awiakompaniýasy “Starlink Wi-Fi” ornaşdyrmak meýilnamasyny yglan etdi: “WestJet” dekabr aýyndan başlap käbir uçarlarynda “Starlink”-i ulanar, “Qatar Airways” şu ýylyň ahyrynda “Boeing 777-300” uçarlarynyň üçüsinde tölegsiz “Starlink Wi-Fi” hödürlär, “Air New Zealand” “Starlink”-i 2025-nji ýylda içerki flotuna ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

“United Airlines” bilen “Starlink” şertnamasy baradaky habary, kosmos aragatnaşy ulgamynda bäsdeşligi ösdürmegiň zerurlygy baradaky eden çykyşy wagtynda Federal aragatnaşyk komissiýasynyň başlygy Jessika Rosenworsel aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026