HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DIM-de brifing: gün tertibinde howanyň üýtgemegi bilen baglynyşykly tehnologiýalar we täzeden dikledilýän energiýa

Sentýabr 13, 2024 | 18:20 |9983
12-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegine hem-de ýurtda energiýanyň täzeden dikeldiýän çeşmeleriniň ösdürilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.12-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegine hem-de ýurtda energiýanyň täzeden dikeldiýän çeşmeleriniň ösdürilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegine hem-de ýurtda energiýanyň täzeden dikeldiýän çeşmeleriniň ösdürilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň degişli edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa öz çykyşynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň geljekki işiniň konseptual ugurlary hem-de bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň ähmiýeti barada belläp geçdi. Merkeziň esasy maksady Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyndan we olaryň ulanylmagyndan hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerinde sebitiň tehnologiýa ösüşine ýardam bemeginden ybaratdygy barada nygtaldy.

Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bu başlangyç daşky gurşawy goramakda umumy maksatlary gazanmak üçin bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmeginde möhüm ädim bolup durýandygy barada aýrtayn belläp geçdi.

Brifingiň dowamynda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we ekologiýa babatynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda alternatiw “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerini dolulygyna ulanmak ýaly meseleler brifingiň gün tertibinde ýer aldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026