HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreşmek strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Sentýabr 13, 2024 | 01:47 |10969
12-nji sentýabrda Aşgabatda “Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-yň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri” atly tema boýunça brifing geçirildi.12-nji sentýabrda Aşgabatda “Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-yň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri” atly tema boýunça brifing geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

12-nji sentýabrda Aşgabatda “Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-yň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri” atly tema boýunça brifing geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkezi tarapyndan gurnalan brifinge degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň bilermenleri ýygnanyşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş etdi. Ol häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda CARICC-yň taslamalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine Türkmenistanyň işjeň gatnaşjakdygy barada belläp geçdi.

13092024--ashhabade-obsudili-protivodejstviya-narkobiznesu (1).jpg

Brifingiň açylyş dabarasynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkezi direktory Atageldi Ýazlyýew hem-de BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýat işlerine garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň Sebit wekili Oliwer Stolpe çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň sebit we halkara derejesindäki işiniň netijeleri baradaky çykyşlary diňläp, neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, diýip, türkmen DIM-niň habarlar gullugy belleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

18:00 Sentýabr 30, 2026