HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen Parlamentiniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Ilçisi bilen duşuşdy

Sentýabr 12, 2024 | 23:54 |11013
12-nji sentýabr, penşenbe güni Türkmen Parlamentiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.12-nji sentýabr, penşenbe güni Türkmen Parlamentiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.
Çeşme: mejlis.gov.tm

12-nji sentýabr, penşenbe güni Türkmen Parlamentiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.

Amerikan diplomaty Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormatdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi ýurtda geçirilýän uly özgerişlikler bilen hem-de Türkmenistanyň gatnaşmagynda iri halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi baradaky giňişleýin maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de ABŞ-nyň ilçisi geçirilýän özgerişlikleriň çäklerindäki türkmen Parlamentiniň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy. Munuň bilen baglylykda, kanunçykaryjy ugry boýunça parlamanetara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi diýip, Mejlisiň berýän habarynda bellenilýär.

ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk pugtalandyryp, olaryň täze derejä çykarylmagynda öz tarapyndan ähli tagallalarynyň etjekdiginde ynandyrdy.

Ozal, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatlaryny kabul etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026