HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda ýeňil senagaty hem-de nebithimiýa pudagynyň önümleri ýokary islege eýe boldy

Sentýabr 12, 2024 | 09:09 |7320
Çarşenbe güni, 11-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýeňil senagaty hem-de nebithimiýa pudagynyň önümleri ýokary islege eýe boldy.Çarşenbe güni, 11-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýeňil senagaty hem-de nebithimiýa pudagynyň önümleri ýokary islege eýe boldy.
Çeşme: exchage.gov.tm

Çarşenbe güni, 11-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýeňil senagaty hem-de nebithimiýa pudagynyň önümleri ýokary islege eýe boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň hem-de Ukraina döwletleriniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem olar “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden we türkmen işewürlerinden “ECO 93” kysymly awtoulag benzini hem-de dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri satyn aldylar.

Türkmenistanyň işewürler-toparynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri hem-de nah ýüplükleri satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 428 000 manada we 39 360 910,5 ABŞ dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026