HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Finlýandiýada saparda boldular

Sentýabr 11, 2024 | 10:51 |10953
Ýewropanyň Bilim we Medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentliginiň (EACEA) Ýokary bilim reformasy boýunça bilermenleri goldamak we öňe sürmek (SPHERE) konsorsiumy bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 3-4-nji sentýabry aralygynda Finlýandiýa Respublikasynyň Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetinde “Innowasiýalary hem-de durnukly ekoulgamy häzirki döwürde we geljekde iş bilen üpjün etmek üçin uniwersitetler bilen senagatyň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek” atly okuw maslahaty geçirildi.Ýewropanyň Bilim we Medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentliginiň (EACEA) Ýokary bilim reformasy boýunça bilermenleri goldamak we öňe sürmek (SPHERE) konsorsiumy bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 3-4-nji sentýabry aralygynda Finlýandiýa Respublikasynyň Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetinde “Innowasiýalary hem-de durnukly ekoulgamy häzirki döwürde we geljekde iş bilen üpjün etmek üçin uniwersitetler bilen senagatyň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek” atly okuw maslahaty geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

Ýewropanyň Bilim we Medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentliginiň (EACEA) Ýokary bilim reformasy boýunça bilermenleri goldamak we öňe sürmek (SPHERE) konsorsiumy bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 3-4-nji sentýabry aralygynda Finlýandiýa Respublikasynyň Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetinde “Innowasiýalary hem-de durnukly ekoulgamy häzirki döwürde we geljekde iş bilen üpjün etmek üçin uniwersitetler bilen senagatyň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek” atly okuw maslahaty geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda Finlýandiýa Respublikasynyň Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary giriş sözleri bilen çykyş etdiler, okuw maslahatynyň işiniň şowly bolmagyny arzuw etdiler. Geçirilen “Innowasiýalary hem-de durnukly ekoulgamy häzirki döwürde we geljekde iş bilen üpjün etmek üçin uniwersitetler bilen senagatyň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek” atly okuw maslahatynda Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetiniň tekstil, durmuş we lukmançylyk wirtual laboratoriýalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem Işewürlik we media mekdebiniň direktory doktor Niina Jallinoja “Şü günki we geljekki iş orunlary üçin bilim” atly temasy boýunça toparlaýyn çekişmeleri geçirdi. Çekişmeleriň dowamynda gatnaşyjylar bu mesele bilen baglanyşykly öz pikirlerini aýtdylar.

Okuw maslahatda Tampere şäheriniň Amaly ylymlar uniwersitetiniň hususy pudak bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary, üznüksiz hünär ösüşiniň ähmiýeti, ekoulgamynyň aýratynlyklary, zähmet durmuşda pedagogik başarnyklary, ýokary okuw mekdepleriniň senagat bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde merkezleşdirilen bilermenleriň (ekspertleriň) goldaw ulgamynyň deslapky ylmy barlaglaryň alnyp barlyşy barada beýan edildi hem-de degişli meseleler ara-alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026